Ekwador Germaniýanyň ýeňip, toparçadan çykmagy başardy

3

Dünýä Kubogynda “E” toparçada Germaniýanyň ýygyndysy finalyň oýnaljak stadionynda Ekwadoryň milli topary bilen duşuşdy. Amerikaly zenan emin Tori Pensonyň jürlewük çalan duşuşygynyň 2-nji minutynda nemesler Leroý Saneniň goly bilen hasaby açdy. Ýöne sähel wagtdan soň, latyn amerikalylar bu gola jogap berdi. Oýnuň 9-njy minutynda Anhulo hasaby deňledi. Oýnuň tamamlanmagyna 13 minut galanda-da, Ekwadoryň ýygyndysy Platanyň goly bilen öňe geçdi. Bu gol duşuşykdaky soňky gol boldy. Umumylykda 11 oýundan soň utulan Germaniýanyň ýygyndysy bu ýeňlişe garamazdan, toparçada 1-nji orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy debýutant Kýurasaony Nikolas Pepeniň (7, 64) dubl etmeginde 2-0 hasabynda utdy.

Netijede, toparçada 6 utuk toplan Germaniýanyň ýygyndysy 1-nji ýeri eýeledi. Nemesleriň indiki tapgyrdaky bäsdeşi “C”, “D” ýa-da “F” toparçalarynda 3-nji orny eýelän ýygyndy bolar.

Germaniýanyň ýygyndysy ýaly 6 utuk toplan Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy 2-nji ýeri eýeläp, ilkinji gezek toparçadan çykmagy başardy. Kot-d’Iwuaryň ýygyndysynyň 1/16 finaldaky bäsdeşi “I” toparçada 2-nji ýeri eýelän ýygyndy bolar (Fransiýa ýa-da Norwegiýa).

4 utuk, 0 gol aratapawudy bilen Ekwadoryň ýygyndysy toparçada 3-nji orny eýeledi. Ekwadoryň ýygyndysy 2006-njy ýyldan soň 2-nji gezek toparçadan çykmagy başardy. Olar şol çempionatda-da Germaniýa bilen bir toparça düşüpdi.

 

Germaniýa 3 2 0 1 10-4 7 6
Kot-d’Iwuar 3 2 0 1 4-2 2 6
Ekwador 3 1 1 1 2-2 0 1
Kýurasao 3 0 1 2 1-9 −8 1