Ýewraziýanyň Ösüş banky 2031-nji ýyla çenli iş maksatnamasyna görä gerimini giňeldýär

2

Ýewraziýanyň Ösüş bankynyň 2031-nji ýyla çenli täze strategiýasy ýene 11 ýurt bilen hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar, olaryň hatarynda Gruziýa, Azerbaýjan, Mongoliýa we Pars aýlagy ýurtlary bar diýip, “armenpress” ýazýar.
Bankyň ýolbaşçysy Nikolaý Padguzowyň sözlerine görä, täze hyzmatdaşlar – sebitiň Mongoliýa, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Türkmenistan, şeýle-de Pars aýlagynyň Bahreýn, Oman, Katar, Saud Arabystany hem Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlarydyr.
Podguzow Ýewraziýanyň Ösüş bankynyň geljekde goňşy döwletler bolan Ermenistan, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan we Gyrgyzystan bilen ykdysady gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtady.