Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Slowo” (Söz) milli edebiýat baýragyny Halkara edebiýat baýragy hökmünde üýtgetmek barada tabşyryk berdi diýip, “Interfax.ru” ýazýar.
Bu barada rus lideri Prezidentiň ýanynda döredilen medeniýet boýunça geňeşiň mejlisinde görkezme berdi. Ýagny Russiýanyň DIM-i ýurduň Ýazyjylar bileleşigi, Kitap bileleşigi hem-de degişli maliýe edaralary bilen bilelikde bu baýragyň halkara derejesini üpjün etmek, onuň geografiýasyny giňeltmek, her ýyl maliýeleşdirmek babatda degişli işleri geçirerler.
PDF









