BAE-de sentýabr aýynda täze demir ýol ugurlary açylar

5

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) sentýabr aýynda ýurduň iri şäherleri bolan Abu-Dabi we Dubaýyň arasynda täze ýolagçy otly gatnawlaryny ýola goýar. «Etihad Rail» kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan ýurtdaky ilkinji ýolagçy demir ýol ulgamynyň ilkinji tapgyry şu ýylyň 30-njy iýunynda açylyp, paýtagt Abu-Dabi bilen özüniň jülgeleri we taryhy galalary bilen tanalýan El-Fujeýra emirliginiň arasynda otly gatnawy ýola goýlar. Şondan soňra, 30-njy sentýabrda bu ulgama Dubaý hem-de Şarja emirliginiň El-Daid beketleri goşular. Geljekde bolsa demir ýol ugruny El-Dafra we Şarjanyň baş merkezi beketlerine çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Beketleriň şäher merkezlerinden daşda ýerleşýändigi sebäpli, Abu-Dabiniň merkezinden we esasy künjeklerinden otly menziline çenli ýörite gatnaw awtobuslary (şatllar) hyzmat eder, Dubaýda bolsa ýolagçylar beketden göni metro ulgamyna geçip bilerler. Bu taslama geljekde Pars aýlagy döwletleriniň, ýagny BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Kataryň, Bahreýniň we Kuweýtiň demir ýol ulgamlaryny bitewi bir tora birleşdirmek boýunça giň gerimli meýilnamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda sebitde diňe Saud Arabystanynda ösen ýolagçy otly ulgamy hereket edýär, şeýle hem ýakyn ýyllarda, takmynan, 2031-nji ýyla çenli Er-Riýad we Doha şäherleriniň arasynda ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.