Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giňden durmuşa geçirilýän milli özgertmeleriň netijesinde, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem ägirt uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň milli medeniýetini ösdürmek, ony dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz milli taryhy-medeni mirasymyzy wagyz etmek, halkara derejesindäki medeni çäreleri taýýarlamak we geçirmek, aýratyn-da 2018-nji ýylda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Şu ýörelgeden ugur alyp, şu ýyl ilkinji gezek ýurdumyzyň ähli teatrlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda “Ýüpek ýoly – ýürek ýoly” atly teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalyň gerimini dünýä derejesine çykarmak babatda Türki dilli halklaryň medeniýet we sungat guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan teklibiň gelip gowuşmagy ýurdumyzyň milli medeniýetine hem-de teatr sungatyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleriň köpüsi gadymy söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşýär, gaýnap joşan durmuşyň bolandygynyň şaýatlary bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň örän baý medeni mirasy barada gürrüň berýän taryhy ýadygärliklerimiz dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirilýär. Ine, şu ýylyň aprel aýynda Germaniýanyň meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergisi açyldy. Oktýabr aýyna çenli dowam edýän bu sergide ýurdumyzyň baý taryhy görkezilýär. Gadymy Margiana Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky taryhy landşaftdyr. Ol dört müň ýyla golaý wagt mundan ozal, bürünç eýýamynyň ýokary derejede ösen medeniýetiniň merkezi bolupdyr. Bu merkez Mesopotamiýa we Müsür ýaly siwilizasiýalaryň döwründe ösen hem bolsa, ol häzirki döwre çenli köp derejede mälim bolmandyr. Indi ilkinji gezek gadymy gymmatlyklaryň giň möçberli sergisi arkaly Ýewropada giň köpçüligi Gündogaryň taryhynda mynasyp orny eýeleýän gadymy Margiananyň täsinlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik döredi. Türkmenistan “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi üçin ýurdumyzyň üç döwlet muzeýinden – Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinden, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinden hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýinden 220-ä golaý gymmatlygyny getirdi.
2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018–2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasymyzy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Bu maksatnama laýyklykda, arheologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürilýär. Türkmen alymlary bilen bir hatarda dünýäniň dürli ýurtlarynyň alymlary ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizde gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini geçirýärler. ABŞ-nyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň degişli institutlary bilen ylmy-barlaglar alnyp barylýar.
Medeniýet ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk barada gürrüň edilende, Birleşen Milletler Guramasynyň ÝUNESKO edarasy bilen hyzmatdaşlyga giň orun degişlidir. Bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikler toplumlaryny we medeni mirasyny gorap saklamak babatda uly işler alnyp barylýar. Taryhy ýadygärliklerimiz bilen bir hatarda, 2015-nji ýylda “Görogly” eposynyň dessançylyk sungatynyň nusgasy hökmünde, 2017-nji ýylda bolsa, küştdepdiniň aýdym we tans sungatynyň nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi alnyp barylýan bu giň gerimli işleriň mysalydyr.
Medeni-ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan taryhy saparlarynda, ýurdumyza gelýän belent mertebeli döwlet we hökümet baştutanlarynyň saparlarynyň çäklerinde medeni hyzmatdaşlyk babatda gol çekilýän ylalaşyklar esasy hukuk binýat bolup durýar. Şol resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda Medeniýet günleri geçirilýär. Bu medeni çäreler ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň has-da berkidilmegine ýardam berýär.
Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, saz sungatymyzy we medeni mirasymyzy gorap saklamak we ony dünýä äşgär etmek babatda edilýän uly işleriň sakasynda hormatly Prezidentimiz dur. Milli Liderimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Arşyň nepisligi” ýaly köp sanly kitaplaryndan ruhlanyp, zähmet çekýän medeniýet we sungat işgärleri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar. Halkara derejesinde ykrar edilen türkmen milli medeniýetini we sungatyny mynasyp dowam etdirýän we hemişe üns merkezinde saklaýan milli Liderimiziň işleri hemişe rowaç alsyn!
Enegül Ballyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet
merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.