Iki topara hem ýeňiş gerek däl

2

Futbol janköýerleri Dünýä Kubogynyň taryhyndaky täsin duşuşyklaryň birine tomaşa etmeli bolup bilerler. “J” toparçasynda ilkinji 2 oýunda Messiniň gollary bilen ýeňiş gazanan Argentinanyň ýygyndysy 1-nji orny eýeläpdi. 2-nji ýer üçin Awstriýa bilen Alžiriň ýygyndylary 1/16 finala çykmak üçin göreş alyp barýarlar.

Ýöne täsin ýagdaý bolup, iki topara-da özara duşuşykda ýeňiş gerek däl. Has takygy, 2 toparyňam 3 utugy bolup, Awstriýa gol aratapawudy bilen 2-nji, Alžir bolsa 3-nji orunda barýar.

Toparçany 2-nji orunda tamamlajak ýygyndynyň 1/16 finaldaky garşydaşy Ispaniýanyň ýygyndysy bolar. 3-nji ýeri eýelän topar bolsa indiki tapgyrda Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Deňme-deňlik iki topary hem 1/16 finala çykarar.

Iki toparyň oýunçylary-da meýdança ýeňiş üçin çykjaklaryny aýtsalaram, bu oýun 44 ýyl öňki Gihon Skandaly duşuşygyny janköýerleriniň ýadyna salýar. Şol oýunda-da Awstriýa bilen Alžir şeýle wakanyň taraplary bolupdy.

1982-nji ýylda Ispaniýada geçirilen Dünýä Kubogynda, şol wagtlar 3-nji duşuşyklar bir wagtda oýnalanokdy. Alžiriň ýygyndysy 1 gün öň Çilini 3-2 hasabynda ýeňipdi. Ertesi güni Günbatar Germaniýa bilen Awstriýa oýnamalydy. Bu oýunda Awstriýa 2 goldan az aratapawut bilen utulsa-da, indiki tapgyra çykýardy. Duşuşygyň 10-njy minutynda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy Hrubeşiň goly esasynda öňe geçdi. Şondan soň oýnuň galan minutlarynda iki toparam hiç hili diýen ýaly hüjüm gurnamady. Topy özara paslaşyp, oýny içgysgynç ýagdaýa öwrüpdiler.

Şol duşuşyk mahaly bu ýagdaýa öz nägileligini bildiren sport komentatorlary bolupdy. Biri duşuşyga teswir bermegini taşlasa, ýene biri tomaşaçylara telewizorlaryny ýapmagy maslahat beripdi.

Bu duşuşykdan soň FIFA toparçalardaky 3-nji duşuşyklaryň bir wagtda başlanmagyny düzgünleşdiripdi.