52 ýyldan soň toparçadan çykdy, Portugaliýa 2-nji ýeri eýeledi

4

Dünýä Kubogynda “K” toparçadakly 3-nji oýunlarda Kolumbiýa bilen Portugaliýanyň ýygyndy;ary duşuşdy. Oýunda howply pursatlar, hasaba alynmadyk gol hem bolsa-da duşuşyk golsuz tamamlandy.

Özbegistanyň ýygyndysy Kongo DR-niň milli topary bilen duşuşdy. Oýunda özbekler 10-njy minutda Eldor Şomurodowyň goly bilen öňe geçdi. Hasap soňky 22 minuta çenli üýtgemedi. Oýnuň 68-nji minutynda emin Feliks Swaýeriň bellän penaltisini Ýoane Wissa hasaby deňledi. 78-nji minutda afrikalylar Maýeleniň goly bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň 90+1-nji minutynda Wissa 2-nji goluny geçirip, oýna soňky nokadyny goýdy.

Şunlukda, toparçada Kolumbiýanyň ýygyndysy 1-nji (7 utuk), Portugaliýa 2-nji (5 utuk) orny eýeledi.4 utuk toplan Kongo DR-niň ýygyndysy 52 ýyldan soň gatnaşan 2-nji Dünýä Kubogynda 3-nji ýeri eýelänleriň arasynda iň gowy 8 toparyň biri boldy we 1/16 finala adyny ýazdyrdy. Özbegistan bolsa ilkinji gezek gatnaşýan ýaryşynda 2 gol geçirdi we utuksyz öýlerine dolandylar.

 

1 Kolumbiýa 3 2 1 0 4-1 3 7
2 Portugaliýa 3 1 2 0 6-1 5 5
3 Kongo DR 3 1 1 1 4-3 1 4
4 Özbegistan 3 0 0 3 2-11 −9 0