Messiniň her oýny, her goly täze rekord bolýar

3

Dünýä Kubogy 2026-nyň toparçalardaky iň soňky duşuşyklary “J” toparçada oýnaldy. Soňky çempion Argentinanyň ýygyndysy AT&T Stadium-da debýutant Iordaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Duşuşygyň 19-njy minutynda Lo Selso argentinleri öňe saýlady. 31-nji minutda penaltini dürs uran Lautara Martines hasaby 2-0-a çykardy. Oýnuň 55-nji minutynda Al-Taamari aratapawudy azaltsa-da, 60-njy minutda meýdança giren Lionel Messi 80-nji minutda hasaby 3-1-e çykardy. Bu Messiniň şu çempionatdaky 6-njy goly bolup, onuň gollarynyň sany umumylykda 19-a ýetdi. Bu ugurda öz rekordyny täzelän Messi Dünýä Kubogynda bassyr 7 oýunda gol salan ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde bu onuň Dünýä Kubogynyň çäginde jerime meýdançasynyň daşyndan geçiren 7-nji goly hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de Messi 2006-njy ýyldaky Argentina bilen Meksikanyň arasynda geçirilen duşuşykdan soň Dünýä Kubogynda ilkinji gezek ätiýaçdan oýna girdi.