Dünýä Kubogynda “L” toparçadaky soňky oýunlarda Angliýanyň ýygyndysy MetLife Stadium-da Panamany 2-0 hasabynda ýeňdi. Iňlislere ýeňiş getiren gollary 62-nji minutda Jud Bellingam bilen onuň pasyndan soň 68-nji minutda Harri Keýn geçirdi. 11-nji goluny geçiren Keýn Dünýä Kubogynda iň köp gol geçiren iňlis futbolçysy boldy. Ol bu ugurda Gari Linikeri yzda galdyrdy.
Toparçanyň beýleki duşuşygynda Horwatiýa bilen Gananyň ýygyndylary Filadelfiýada duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Horwatiýa 2-1 hasabynda ýeňdi. Horwatiýanyň gollaryny 31-nji minutda Petar Suçiç hem-de 83-nji minutda Nikola Wlaşiç geçirdi. Gananyň ýygyndysynyň goluny bolsa 73-nji minutda Lukassen öz adyna ýazdyrdy.
Bu netijelerden soň Angliýanyň ýygyndysy 7 utuk bilen toparçada 1-nji orny eýeledi. Horwatiýanyň ýygyndysy 6 utuk bilen 2-nji orna mynasyp boldy. 4 utukly Gananyň ýygyndysy iň gowy üçünjileriň biri hökmünde 5-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda 3-nji sapar 1/16 finala çykdy.
Panamanyň ýygyndysy bolsa şu Dünýä Kubogynyň gol geçirip bilmedik ýeke-täk topary bolup, çempionat bilen hoşlaşdy.
PDF









