Gürrüňli duşuşykda iki topara-da deňlik ýeterlikdi

1

Demirgazyk Amerikada ýokary depginde dowam edýän Dünýä Kubogynda 1/16 finala çykan iň soňky toparlar “J” toparçasynyň wekilleri boldy. Dürli gürrüňleriň kölegesinde galan bu oýunda Awstriýa bilen Alžiriň ýygyndylary duşuşdy. Belli bir tarapyndan bu duşuşykda 2 tarapa-da ýeňiş gazanmagyň zerurlygy ýokdy. 1/16 finala çykmak üçin 2 topara-da deňlik ýeterlikdi. Şol nukdaýnazardan bu duşuşyk 44 ýyl öňki Günbatar Germaniýa – Awstriýa duşuşygyny ýatladýar. Şol çempionatda 3-nji bir tarap Alžiriň ýygyndysy bolupdy. Bu gezek gönümel özi 2 tarapyň biri bolan Alžire bu gezek şowlulyk ýaran boldy.

Duşuşykdan öň 2 toparyňam 4 utugy bardy. Oýunda ýewropalylar Arnautowiçiň 28-nji minutdaky goly bilen hasaby açdy. 45-nji minutda Belhali hasaby deňledi. 55-nji minutda Sabitseriň goly bilen Awstriýa 2-nji gezek öňe geçdi. Ýöne 5 minutdan soň Riýad Mahreziň goly bilen hasap deňlendi. 90+3-nji minutda Mahrez 2-nji goluny salyp, alžirlileri öňe geçirdi. Bu gol Awstriýa üçin çempionat bilen hoşlaşmagy aňladýan gol diýmekdi. Olaryň ornuna Eýranyň ýygyndysy ýaryşy dowam etdirýär diýmekdi. Ýöne 90+6-njy minutda oýna soň goşulan Kalaýdžik hasaby deňläp, Awstriýany çempionatda saklamagy başardy.

Netijede, Awstriýanyň ýygyndysy 4 utuk, 0 gol aratapawudy bilen toparçada 2-nji ýeri eýeledi. Alžiriň ýygyndysy bolsa 4 utuk -2 gol aratapawudy bilen 3-nji orna mynasyp boldy.
Awstriýanyň ýygyndysy indiki tapgyrda Ispaniýa bilen duşuşsa, Alžiriň ýygyndysy Şweýsariýa bilen güýç synanyşar.