Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

2

26-27-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň halkara «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşmak maksady bilen Horwatiýa Respublikasyna iş sapary amala aşyryldy.
Foruma 30-dan gowrak döwletiň hökümetleriniň we daşary syýasat edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri, halkara guramalarynyň, seljeriş merkezleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň hem-de işewür toparlaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň arhitekturasynyň kemala gelmegi, durnukly ösüş, senagat özgertmeleri, halkara söwda we ulag-logistika hyzmatdaşlygy, energetika howpsuzlygy, sanlylaşdyrma hem-de emeli aň meselelerine bagyşlanan mowzuklaýyn mejlisler geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa «Köpugurly dünýäde umumy gymmatlyklar: biri-birimizden nämäni öwrenip bileris?» atly panel mejlisinde çykyş edip, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk medeniýetini, dialogy, özara hormaty we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzyň çemeleşmesini beýan etdi.
Çykyşda Türkmenistanyň oňyn we hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň konstruktiw häsiýetine hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmekde toplan tejribesine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň döwletleriň özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyna, olaryň içerki işlerine goşulmazlyga, jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine, deňhukukly dialoga we BMG-niň Tertipnamasynyň berk berjaý edilmegine esaslanýan halkara tertibiniň tarapdarydygy nygtaldy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň syýasy meseleler boýunça Döwlet sekretary Frano Matuşiç bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-horwat gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik howpsuzlyk meselelerine garaldy, Hökümetara toparyň işiniň ähmiýeti hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş etdiler.
Şeýle hem M.Bäşimowanyň Bolgariýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Iwanka Taşewa bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar türkmen-bolgar gatnaşyklaryny syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, aýratyn-da BMG-niň we ÝB-niň çäklerinde alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Serbiýanyň DIM-niň Döwlet sekretary Newena Ýowanowiç bilen hem duşuşyk geçirdi.