Budapeştde ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň powestiniň gahrymanyna ýadygärlik dikildi

1

Budapeştde tanymal gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» atly powestiniň gahrymanyna bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy. Gyrgyzystanyň ilçihanasynyň başlangyjy bilen amala aşyrylan medeni taslama Budapeştiň şäher häkimligi tarapyndan goldaw berildi.
Heýkeliň döredilmegi gyrgyz ýazyjysynyň edebi mirasyny goramak we wagyz etmek boýunça işleriň hem-de Gyrgyzystan bilen Wengriýanyň arasyndaky medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň hatarynda amala aşyryldy.
Dabara iki ýurduň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, medeni we jemgyýetçilik ulgamlaryň wekilleri hem-de Wengriýada ýaşaýan gyrgyzystanlylar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Çingiz Aýtmatowyň döredijiliginiň dünýä edebiýaty üçin ähmiýeti, ýazyjynyň medeni dialogy ösdürmekdäki we umumadamzat gymmatlyklaryny dabaralandyrmakdaky hyzmatlary nygtaldy. Ýeri gelende aýdylsa, 2028-nji ýylda ýazyjynyň doglan gününiň 100 ýyllygy halkara derejede giňden belleniler diýip, çykyş edenler aýtdylar.
«Ak gämi» powesti adamlardan üzňelikde önüp-ösen ýetim oglanjygyň ykbalyna bagyşlanandyr. Onuň üsti bilen eserde tebigaty goramak, taryhy hakyda hormat goýmak, ynsanperwerlik hem-de adamyň daşky gurşawyň öňündäki jogapkärçiligi gozgalýar.