DÇ- 2026 taryhda iň köp tomaşaçyly boldy

0

FIFA-nyň maglumatlaryna laýyklykda, hepdäniň penşenbe günündäki ýagdaýa görä, futbol boýunça dünýä çempionlygynyň badalga alan iki hepdesinde Meksikada, ABŞ-da we Kanadada geçen oýunlara 3,6 million janköýer gatnaşdy. Bu barada NBC News teleýaýlymyna salgylanýan “kabar.kg” internet neşiri habar berdi.
Germaniýa bilen Ekwadoryň hem-de Kot-d’ Iwuar bilen Kýurasaonyň arasynda bir wagtda geçen oýunlardan soňra täze rekord hasaba alyndy, ýagny 3 605 357 janköýeriň stadionlara ýygnanandygy belli boldy.
FIFA guramasynyň maglumatlaryna görä, DÇ-2026 1994-nji ýylda ABŞ-da geçen dünýä çempionlygynda goýlan 3 587 538 tomaşaçylyk rekorddan eýýäm ozdy.