Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy esasynda taýýarlanan “Geljekki nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy pugtalandyrmagyň Halkara onýyllygy” diýlip atlandyrylýan Kararnamany kabul etdi. Bu barada “Howar” agentligi habar berýär.
Kararnamanyň düzgünlerine laýyklykda, BMG-niň Baş Assambleýasy 2027–2036-njy ýyllar aralygyndaky döwri Geljekki nesilleriň hatyrasyna parahatçylygy pugtalandyrmagyň Halkara onýyllygy diýip yglan edýär. Bu onýyllygyň maksady parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam etmekden, dialogy hem-de özara ylalaşyklylygy höweslendirmekden, şeýle hem döwlet syýasatyny kemala getirmek we çözgütleri kabul etmek işlerinde geljekki nesilleriň zerurlyklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek üçin dürli nesilleriň — çagalaryň, ýaşlaryň we uly ýaşly adamlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary goldamakdan ybaratdyr. Agza döwletler bu ädim arkaly parahatçylygy, dialogy we nesilleriň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandurmak işine özleriniň bilelikdäki ygrarlylygyny tassykladylar.
Kararnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlary we ýörelgeleri, şol sanda geljekki nesilleri “urşuň wehimlerinden halas etmek ” baradaky ygrarlylyk we jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek borçnamasy ýene-de bir gezek ýatladylýar. Mundan başga-da, resminamada Parahatçylyk medeniýeti babatdaky Jarnamanyň we Hereketleriň maksatnamasynyň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmekde ählumumy gollanma hökmündäki ähmiýeti ykrar edilýär.
Kararnamada 2024-nji ýylda geçirilen Geljegiň sammitinde kabul edilen borçnamalar, şeýle hem agza döwletleriň geljekki nesilleriň bähbitlerini goramak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga borçlanan “Geljegiň paktynyň” kabul edilmegi gutlanylýar. Şeýle hem resminamada Merkezi Aziýadaky oňyn özgerişlikler bellenilip geçilýär we Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň serhet meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmek boýunça edýän tagallalaryna, şeýle hem degişli ylalaşyklaryň gol çekilmegine ýokary baha berilýär.
PDF









