Belgiýadan taryhy kembek

10

ABŞ-nyň Sietl şäherindäki “Lumen Field” stadionynda oýnalan Belgiýa bilen Senegalyň arasyndaky duşuşyk şu tapgyryň iň gyzykly oýunlarynyň biri boldy. Belgiýanyň ýygyndysy taryhy kembek bilen ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazandy.

Oýnuň 25-nji minutynda Senegalyň ýygyndysy Habib Diarranyň goly bilen öňe saýlandy. 2-nji ýarymyň başynda, has takygy, 51-nji minutda Ismaila Sarr çempionatdaky özüniň 4-nji goluny geçirip, aratapawudy 2-0-a çykardy. Ýöne ruhdan düşmedik Belgiýanyň ýygyndysy soňuna çenli ýiti göreş alyp bardy. 2-nji ýarymyň başynda oýna giren Romelu Lukaku 86-njy minutda ýoldaşlaryny umytlandyran goly geçirdi. 3 minutdan soň Trossardyň asist etmeginde derwezeçiden öň kellesi bilen topy uran Ýuri Tilemans hasaby deňledi.

Goşmaça berlen 30 minutyň ahyrynda gondurasly emin Said Martines VAR-yň hem duýdurmagy bilen ýewropalylaryň peýdasyna penalti urgusyny belledi. Ony-da 125-nji minutda Ýuri Tilemans dürs ýerine ýetirip, Belgiýa ýeňiş getiren oýunçy boldy. Belgiýanyň ýygyndysynyň şuňa meňzeş kembegi 2018-nji ýylda-da hasaba alnyp, Ýaponiýany 2-0-dan 3-2 hasabynda ýeňipdi.

Belgiýanyň ýygyndysy 9-njy gezek 1/8 finalda oýnar. Olaryň garşydaşy ABŞ-nyň ýygyndysy bolup, olar mundan öň 7 oýunda amerikanlary 6 gezek ýeňmegi başardy (1 ýeňliş). ABŞ-nyň ýygyndysy Belgiýany 1 gezek ýeňip, ol hem 1930-njy ýyldaky çempionatda hasaba alyndy. Iki topar 2014-nji ýyldaky çempionatda-da duşuşypdy we Belgiýa 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Agza-burna gelen ýeňşi elden gideren Senegalyň ýygyndysy bolsa 4-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda bassyr 2-nji sapar 1/8 finala çykyp bilmän yzyna gaýtdy. Senegalyň ýygyndysy 2002-nji ýylda çärýek finalda oýnapdy.