Ýaponiýada 2040-njy ýyla çenli jemi 18 ugurda emeli aň tehnologiýasy bilen işleýän 10 million robotyň işe girizilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi bu barada maksatnama taýýarlady. Robotlaryň ilatyň azalmagy bilen ýüze çykjak işçi güýjüniň öwezini doldurjakdygy bellenildi. Robotlar we awtomatlaşdyrylan tehnikalar önümçilik, infrastruktura, saglygy goraýyş, tebigy hadysalaryň öňüne almak we beýleki ugurlarda ulanylar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin 380 milliard ýapon ýeni bölünip berler.
Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Akazawa Rýoseý käbir pudaklarda maglumat ýygnalýandygyny we munuň Ýaponiýanyň robotlar üçin emeli aň tehnologiýasyny ösdürmekde öňdebaryjy bolmagy üçin ulanyljakdygyny belledi.
PDF









