Ispanlaryň çempionlykdan soň pleý-offdaky ilkinji ýeňşi

4

Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Ispaniýanyň ýygyndysyna 1/16 finalda ýeňiş gazanmak kyn düşmedi. Awstriýanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňen ispanlaryň gollarynyň 2-sini Mikel Oýarzabal geçirip, ol 36-njy hem-de 89-njy minutlarda tapawutlandy. Onuň şu çempionatdaky gollarynyň sany 4-e ýetdi. Matadorlaryň beýleki goluny bolsa 66-njy minutda Pedro Porro öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Ispaniýanyň ýygyndysy gol geçirtmezden ýoluny dowam edýär. Kabo Werde bilen golsuz deňme-deň oýnan ispanlar galan duşuşyklarynda-da gol geçirtmezden ýeňiş gazanmagy başardy. Başgaça aýdylanda, derwezeçi Unaý Simon 519 minutlap gol geçirtmän gelýär.

Şol bir wagtyň özünde Ispaniýanyň ýygyndysy çempionlykdan soň ilkinji gezek utulan-çykdy tapgyrynda ýeňiş gazandy. 2010-njy çempion bolan Ispaniýanyň ýygyndysy 2014-nji ýylda toparçadan çykyp bilmändi. 2018-nji ýylda Russiýadan, 2022-nji ýylda-da Marokkodan penaltileriň netijesinde utulypdy.