3-nji iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da, Balkanabat ýod zawodynyň önümçiligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze himiýa kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatyny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilikleri ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de Balkanabat ýod zawodynda täze, döwrebap önümçiligi ýola goýmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









