1-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Migrantlaryň bikanun geçirilmegine garşy göreşmek boýunça Global alýansyň Ýokary derejeli wekilleriniň ikinji maslahaty geçirildi.
Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň, guramalaryň wekilleri we şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibi migrasiýa ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Maslahatyň barşynda sebit we ählumumy derejelerde migrasiýany dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyklar ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany dolandyrmagyň meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.
Halkara çäräniň netijeleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen Ählumumy alýansyň 2026-2028-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasynyň taslamasy babatda özara maslahatlaşyldy. Maslahatyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Gullugymyzyň wekilleriniň migrasiýa meseleleri babatynda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlara, duşuşyklara, forumlara we halkara çärelere işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Çeşme: migration.gov.tm
PDF









