Se­ýil­gäh­ler adam­la­ryň me­de­ni­ýet­li dynç al­mak, aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek we oýun oý­na­mak üçin iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Şol se­bäp­li şä­her­ler­de we beý­le­ki ilat­ly no­kat­lar­da se­ýil­gäh­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eý­sem, se­ýil­gäh­ler ha­çan peý­da bol­du­ka?! Dün­ýä­de bel­li se­ýil­gäh­le­riň kä­bi­ri ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

1. Güell se­ýil­gä­hi: Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­dä­ki se­ýil­gä­hi XX asyr­yň başynda Güell maş­ga­la­sy­nyň he­ma­ýat ber­me­gin­de bel­li bi­na­gär An­to­ni Gau­di dö­red­ýär. Ol 1923-nji ýyl­dan bä­ri bu şä­he­riň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ge­ze­lenç ed­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Onuň esa­sy gi­rel­ge­sin­de daş­dan edi­len, kö­me­le­gi ýa­da sal­ýan gümmez gör­nüş­li iki bi­na bar. Ola­ryň bi­rin­de üýt­ge­şik diň bo­lup, ol reňk­li syr­ça­lar we daş­lar bi­len be­ze­lip­dir. Onuň gi­rel­ge­sin­den uly meý­dan­ça çen­li bar­ýan mer­di­wan­ly ýoluň gyrasyny kaşaň sü­tün­ler be­zeýär.
2. “Cent­ral Park”: Nýu-Ýorkuň gür ilat­ly, be­lent­den be­lent ýa­şa­ýyş we eda­ra jaý­la­ry­nyň mer­ke­zinde ýerleşýän bu se­ýil­gä­he ýyl­da 35 mil­li­on­dan gow­rak adam bar­ýar. Bu ýe­riň meş­hur­lyk ga­zan­ma­gyn­da film­le­riň we te­le­gep­le­şik­le­riň dü­şü­ril­me­gi­niň hem tä­si­ri ulu­dyr. 341 gek­ta­ry eýe­le­ýän gö­nü­burçluk şe­kil­li se­ýil­gäh­de we­lo­si­ped­de we beý­le­ki daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz ulag­lar­da ge­ze­lenç et­mek, dür­li jan­ly-jan­dar­la­ry, guş­la­ry gör­mek, hat­da köl ke­na­ryn­da dem al­mak hem müm­kin. Se­ýil­gä­hi 1857-nji ýyl­da Fre­de­rik Lo Olms­ted hem-de Kal­wert Woks dö­red­ýär.
3. Ibi­ra­pue­ra se­ýil­gä­hi­: Bra­zi­li­ýa­nyň San-Pau­lu şä­he­ri­niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 400 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp gur­lan seýilgähiň tas­la­ma­sy­ny Os­kar Ni­me­ýer bilen Ro­ber­tu Bur­le Marks taý­ýar­la­ýar. 1954-nji ýyl­da dö­re­di­len se­ýil­gäh şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da uly orun eýe­le­ýär. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň iň uly we meş­hur se­ýil­gä­hin­de güý­men­je ýer­le­ri, ýö­re­mek we yl­ga­mak üçin ýo­da­lar, köl we beý­le­ki des­ga­lar bar. Bu ýer­de me­de­ni çä­re­ler hem ge­çi­ril­ýär.
4. “Hy­de Park” se­ýil­gä­hi: 1637-nji ýyl­da dö­re­di­len Lon­do­nyň pa­ty­şa­lyk se­ýil­gäh­le­ri­niň iň ulu­sy ha­sap­lan­ýar. Ýa­na­şyk ýe­rin­dä­ki “Ken­sing­ton” bag­la­ry bi­len 249 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýär. Bu ýer­de adam­la­ryň me­de­ni­ýet­li dynç al­mak­la­ry üçin dür­li şüweleňler ge­çi­ril­ýär. Onuň çä­gin­de 4 müň tö­we­re­gi agaç, şeý­le hem iki sa­ny köl we eme­li şag­la­wuk bar.
5. “Ueno Park”: her ýyl­da ül­je­le­riň gül­le­ýän döw­rün­de Ýa­po­ni­ýa bar­ýan­la­ryň sa­ny kö­pel­ýär. Bu te­bi­gy gö­zel­li­ge syn et­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri hem To­kio­da 1873-nji ýyl­da açyl­an se­ýil­gäh­dir. Bu ýer­de Gün­ba­tar ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny we ýa­pon bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Te­bi­ga­tyň bu aja­ýyp kün­je­gi su­rat­keş­le­ri hem özü­ne ma­ýyl ed­ýär.
6. “Kings Park” se­ýil­gä­hi: Gün­ba­tar Awst­ra­li­ýa şta­ty­nyň Pert şä­he­rin­dä­ki seýilgäh we bo­ta­ni­ka ba­gy 4,06 ine­dör­dül km-i eýe­le­ýär. Ýerli ýaşaýjylar bu ýeri ga­dy­my dö­wür­ler­de mu­kad­des ha­sap­lapdyrlar. Tut­ýan meý­da­ny ba­bat­da dün­ýä­niň iň giň şä­her se­ýil­gäh­le­ri­niň bi­ri bo­lan “Kings Park”-a her ýyl­da 5 mil­li­on­dan gow­rak myh­man bar­ýar.
7. Gül­ha­ne se­ýil­gä­hi: Stam­bul­da­ky Top­ka­py Sa­ra­ýy­nyň ýa­na­şyk ýe­rin­de 1912-nji ýyl­da gur­lan seýilgäh şä­he­riň iň gözel künjekleriniň bi­ri­dir. Bu ýer­de ga­dy­my heý­kel­ler we sü­tün­ler bar. Tö­we­re­gin­dä­ki mu­zeý­dir köşk­le­re bar­ýan myh­man­la­ryň aras­sa ho­wa­da dynç al­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ dö­re­di­len­dir.
8. “Flags­taff” ba­gy: Te­bi­ga­ta baý Awst­ra­li­ýa­nyň Mel­burn şä­he­rin­dä­ki dün­ýä­niň iň ga­dy­my se­ýil­gäh­le­ri­niň bi­ri­dir. 1862-nji ýyl­da dö­re­di­len seýil bagy he­mi­şe köp adam­ly bol­ýar. Onuň tö­we­re­gin­dä­ki eda­ra bi­na­la­ry­nyň iş­gär­le­ri we da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar bu ýere has köp bar­ýar­lar.
9. Ça­pul­te­pek se­ýil­gä­hi: Mek­si­ka­nyň paý­tag­tyn­da­ky seýilgäh Günorta Ame­ri­ka­nyň iň uly ba­gy ha­sap­lan­ýar. Ol şä­he­riň iň aras­sa ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň çä­gin­de ga­la hem-de mu­zeý bar.
10. “Gol­den­ga­te” se­ýil­gä­hi: ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky San-Fran­sis­ko şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Bu ýe­re her ýyl­da 13 mil­li­on tö­we­re­gi myh­man ge­lip, ol bu ba­bat­da dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär.