Kos­mos gi­ňiş­li­gi­ni çuň­ňur öw­ren­mek, onuň müm­kin­çi­lik­le­rin­den has giň­den peý­da­lan­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ast­ro­nom­la­ryň mak­sat­la­ry­nyň bi­ri hem edil Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de bol­şy ýa­ly, Aý­da ýa-da Mars­da he­mi­şe­lik be­ke­di­ gur­mak­dan yba­rat. Ame­ri­kan ae­ro­kos­mos eda­ra­sy NA­SA Mars­da kos­mo­nawt­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin yg­lan eden ýa­ry­şy­nyň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di. Ýa­ry­şa gat­naş­ýan­lar­dan 4 kos­mo­naw­tyň ýa­şa­ma­gy üçin 3D prin­ter ar­ka­ly jaýyň taslamasyny taýýarlamagy ta­lap et­di. Şeý­le hem Gy­zyl pla­ne­ta ma­te­ri­al­la­ryň ug­ra­dyl­ma­gy we ol ýe­riň at­mos­fe­ra­synyň we te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nynyň göz öňün­de tu­tul­ma­gy hem ta­lap edil­di. Bred­li uni­wer­si­te­ti­niň we NA­SA-nyň hyz­mat­daş­ly­gy bilen guralan ýa­ry­şa gat­na­şan 18 to­par­dan 5-isi tapawutlanyp, olar 100 müň dol­lar­lyk baý­ra­gy paý­la­şar.
Bi­rin­ji ýe­ri alan “Zop­he­rus” to­pa­ry­nyň tas­la­ma­syn­da Mar­syň ýü­zün­de ada­myň go­şan­dy bol­maz­dan, 3D prin­ter ar­ka­ly önüm­çi­lik göz öňün­de tu­tul­ýar. Oňa gon­jak ulag il­ki daş-tö­we­re­gi­ni skan­ner ar­ka­ly bar­lap, önüm­çi­lik üçin iň amat­ly ýe­ri saý­la­ýar. Soň­ra bol­sa, ro­bot­lar al­ty­burç des­ga­la­ry gu­rup baş­la­ýar. Des­ga­da gur­lu­şyk çig ma­ly hök­mün­de Mar­syň ýü­zün­dä­ki buz­dan, kal­si­li ok­sit­den we top­rak­dan peý­da­la­nyl­ýar. “AI SpaceFacto­ry” to­pa­ry bol­sa, Mars­da­ky at­mos­fe­ra­da ba­syş­dan go­ran­mak üçin iki gat di­war­ly, ýu­murt­ga şekilli jaý ýa­sa­ma­gy göz öňün­de tu­tup­dyr. Bu to­par hem Mar­syň top­ra­gyn­dan peý­da­lan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Üçün­ji ýer­dä­ki “Kahn-Ya­tes” to­pa­ry diwary to­zan­ly tü­we­leý­le­re gar­şy du­rup bil­ýän bi­na­nyň tas­la­ma­sy­ny taý­ýar­lap­dyr. Dör­dün­ji bo­lan “SE­Arch+/Apis Cor” to­pa­ry­nyň tas­la­ma­syn­da­ky bi­na­lar iki gat­lak­ly bo­lup, olar Gün­den gel­ýän zy­ýan­ly şöh­le­le­riň öňü­ni al­ýar. ABŞ-nyň Çi­ka­go şä­he­rin­dä­ki De­mir­ga­zyk-Gün­ba­tar yl­my-bar­lag uni­wer­si­te­ti ýo­kar­sy güm­mez şe­kil­li we ada­ty bol­ma­dyk gi­rel­ge­li desgasy bi­len öň­dä­ki orun­la­ra my­na­syp gö­rül­di.
Ýa­ry­şyň mun­dan soň­ky tap­gy­ry in­di­ki ýyl ge­çi­ri­ler. Onuň esa­sy mak­sa­dy kos­mo­syň çuň­luk­la­ryn­da bar­lag­la­ry ge­çir­mek üçin yzy­gi­der­li ýa­şa­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan şert­le­ri dö­ret­mek­den, mu­nuň üçin ge­rek bo­lan önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat.