“IGARUS” at­ly mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de müň­ler­çe jan­da­ra ýer­leş­di­ri­len çip­ler ar­ka­ly al­nan mag­lu­mat­lar Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de top­la­nar. Te­bi­ga­ty has çuň­ňur öw­ren­mek üçin ama­la aşy­ryl­ýan hal­ka­ra mak­sat­na­ma il­kin­ji ne­ti­je­le­ri­ni be­rip baş­la­dy. Haý­wan bar­lag­la­ryn­da kos­mo­syň ula­nyl­ma­gy üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk (ICARUS) mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de müň­ler­çe jan­da­ra da­ky­lan çip­ler­den gel­ýän mag­lu­mat­la­ry al­mak üçin an­ten­na­la­ryň gur­lu­şy­gy ta­mam­lan­dy. Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de ýyg­na­lan mag­lu­mat­lar Ýer­dä­ki hü­när­men­le­riň yl­my iş­le­rin­de gym­mat­ly gol­lan­ma bo­lar.
Mun­dan ozal ýa­ba­ny haý­wan­la­ry we guş­la­ry öw­ren­mek üçin hü­när­men­ler ola­ry tu­tup, bel­lik go­ýup, gaý­ta­dan ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ne goý­ber­ýär­di­ler. Soň­ra ikin­ji ge­zek ola­ry tu­tup, şol ba­ra­da mag­lu­mat top­la­ýar­dy­lar. Em­ma 1980-nji ýyl­lar­dan bä­ri ol jan­dar­la­ry gaý­ta­dan tut­mak ze­rur­ly­gy ara­dan aý­ryl­dy. Kos­mos hem­ra­la­ry ar­ka­ly ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň he­re­ket­le­ri, gid­ýän ugur­la­ry kes­git­len­ýär. Şeý­le­lik­de, ola­ryň göç­ýän ugur­la­ry­ny, onuň üýt­ge­me­gi­ni, ni­re­de, nä­çe wagt gyş­la­ýan­dyk­la­ry­ny bi­lip bol­ýar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len yzar­la­mak üçin ni­ýet­le­nen en­jam­lar has ki­çel­dildi, has ta­kyk we gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat top­la­ma­k müm­kin­ boldy. ICARUS mak­sat­na­ma­syn­da iş alyp bar­ýan hü­när­men­ler bu teh­no­lo­gik ösüş­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­k isleýärler. 2025-nji ýyl­dan baş­lap, hü­när­men­ler hat­da çe­kirt­ge­ler­e-de çip ýer­leş­di­rip bil­jek de­re­jä ýe­ter­ler. Hä­zir­ki wagt­da mi­we ýar­ga­na­ty, de­ňiz pyş­ba­ga­sy­nyň ça­ga­sy, to­ty guş­lar we saý­ra­ýan guş­lar ýa­ly je­mi müň tö­we­re­gi jan­da­ra şeý­le çip­ler ýer­leş­di­ril­di. Bu gör­ke­zi­ji­niň 100 mü­ňe ýe­ti­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Hü­när­men­ler jan­dar­lar­dan top­lan­ýan mag­lu­mat­la­ryň has-da kö­pel­jek­di­gi­ni we bu mag­lu­mat­la­ryň beý­le­ki ugur­la­ra-da go­şant goş­jak­dy­gy­ny aýd­ýar­lar.
Jan­dar­la­ra ýer­leş­di­ri­len çip­ler GPS mo­du­ly, tiz­li­gi we mag­ne­tiz­mi öl­çeý­ji­ler bi­len üp­jün edi­len. Şeý­le hem ýy­ly­lyk, ba­syş we çyg­ly­ly­gy duý­ýan en­jam­lar hem ýer­leş­di­ril­ýär. Ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 5 gram­lyk bu en­jam­lar Gün pa­ne­li we ba­ta­re­ýa­sy ar­ka­ly uzak wagt­lap iş­le­ýär.
Gö­çeg­çi guş­lar di­ňe öz­le­ri ba­ra­da däl, eý­sem, dün­ýä­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da hem degerli mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ýer­leş­di­ri­len en­jam­lar bu jan­dar­la­ryň ba­ran ýer­le­rin­dä­ki ho­wa­nyň ýag­da­ýy­ny bil­mä­ge, ge­çen ýyl­lar­da­ky­lar bi­len de­ňeş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem te­bi­gy he­läk­çi­lik­ler­den ga­çan jan­dar­lar ba­ra­da hem mag­lu­mat top­la­nyp, ola­ryň öňi al­nyp bi­l­ner. Ir­ki dö­wür­ler­de ýer tit­re­me­sin­den ozal ýy­lan­la­ryň gyş uku­syn­dan ir oýa­nan­dy­gy­na ýa-da wul­ka­nyň ýa­ryl­ma­gyn­dan öň guş­la­ryň ol ýer­den göç­ýän­di­gi­ne yna­nyl­ýar­dy. Bu ynanç­lar hem yl­my taý­dan bar­la­nar. Mun­dan baş­ga-da, ýa­ba­ny haý­wan­la­ryň ara­syn­da ýü­ze çyk­ýan howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak müm­kin bo­lar. Top­la­nan mag­lu­mat­lar “MoveBank” at­ly ba­za­­da ýyg­na­lar we beý­le­ki hü­när­men­ler hem-de is­leg bil­dir­ýän­ler üçin el­ýe­ter­li bo­lar.