Dünýä Kubogynda 52 ýyldan soň 7 gol geçiren ilkinji futbolçy

4

Dünýä Kubogynyň 28 ýyldan soň 4-nji gezek gatnaşýan Norwegiýanyň ýygyndysy ilkinji sapar çärýek finala çykdy. 1/8 finalda ähli Dünýä Kubogyna gatnaşan ýeke-täk ýygyndy Braziliýany Erling Holannyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen Norwegiýanyň ýygyndysy çärýek finalda Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Toparyň ýyldyz oýunçysy, 21-nji iýulda 26 ýaşyna gadam basjak Erling Hollan Dünýä Kubogynda gol geçirmegini dowam edýär. 7 gola ýeten ýyldyz hüjümçi toparçada Yrakdyr Senegalyň hersiniň derwezesinden 2, 1/16 finalda-da Kot-d’Iwuaryň torundan 1 gol geçirdi. Şeýlelikde, Erling Holann 52 ýyldan soň özüniň ilkinji Dünýä Kubogynda 7 gol salan birinji futbolçy boldy. Ýagny Holanndan öň 1974-nji ýylda polşaly Gžegož Lýato ilkinji gezek gatnaşan çempionatynda 7 goly derwezä girizipdi. Bu ugurda rekord fransiýaly Žust Fontene degişli bolup, ol 1958-nji ýylda gatnaşan ilkinji we ýeke-täk çempionatynda 13 gol geçiripdi.

Şeýle-de, Holann italiýaly Kristian Wieriden soň Dünýä Kubogynda oýnan birinji 4 duşuşygynda tapawutlanan ilkinji ýewropaly futbolçy boldy. Holann toparçada Fransiýanyň garşysyna geçirilen oýunda meýdança çykmandy.