Dünýä Kubogynda ýer eýesi galmady

3

Mundan öňki tapgyrda gyzyl kart alan amerikaly futbolçy Folarin Balogunyň jerimesiniň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly jedelli gürrüňleriň kölegesinde geçirilen ABŞ – Belgiýa duşuşygynda “Lumen Field” stadionyna ýygnanan janköýerler 5 goluň şaýady boldular.

Oýnuň 9-njy minutynda belgiýaly Şarl de Ketelare hasaby açdy. Amerikanlar bu gola 31-nji minutda Tillmanyň jerime urgusyndan geçiren goly bilen jogap berse-de, 33-nji minutda De Ketelare 2-nji pökgini hem derwezä girizdi.

2-nji ýarymda-da ýewropalylar has erjel oýun görkezdiler. 57-nji minutda derwezeçiniň gödek ýalňyşlygyndan soň Hans Wanaken aratapawudy 2 gola çykardy. 90+3-nji minutda-da Romelu Lukaku oýna soňky nokady goýdy. 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan Belgiýanyň ýygyndysy taryhynda 4-nji gezek çärýek finala çykdy. Belgiýanyň ýygyndysy çärýek finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Duşuşykda 4-nji goly geçiren Romelu Lukaku Dünýä Kubogynyň taryhynda oýna soň girip, 4 gezek tapawutlanan ilkinji futbolçy boldy. Lukaku şu çempionatda 3 oýunda – Täze Zelandiýanyň, Senegalyň hem-de ABŞ-nyň 2014-nji ýylda-da ABŞ-nyň derwezesinden meýdança girip, gol geçiripdi.

Soňky gezek 2002-nji ýylda adyny iň gowy 8 toparyň arasyna ýazdyran ABŞ-nyň ýygyndysy taryhyndaky 3-nji çärýek finalyna golaýlasa-da, ýer eýesi hökmünde gatnaşýan ýaryşynda bu olara başartmady. ABŞ-nyň ýygyndysyna 1930-njy ýylda bürünç medal berlip, olar şol ýyl Belgiýany 3-0 hasabynda ýeňipdi. Şondan soň olara Belgiýany ýeke gezek hem ýeňmek miýesser etmedi.

Şeýlelikde, Kanadadyr Meksikadan soň 1/8 finalda esasy ýer eýesi ABŞ-nyň ýygyndysy-da 23-nji Dünýä Kubogy bilen hoşlaşdy.