Mundan öňki tapgyrda debýutant Kabo Werdeni kynlyk bilen ýeňen Argentinanyň ýygyndysy 1/8 finalda tasdanam Müsürden asgyn gelipdi. Aýratynam eminiň bellän (köpleriň pikirine görä) käbir jedelli kararlary bu duşuşygyň netijesine öz täsirini ýetirdi. Atlantadaky “Mercedes-Benz Stadium”-a ýygnanan 68 müň 239 janköýer dürli duýgulary başdan geçirdiler. Kabo Werde bilen bolan oýundaky ýalňyşlyklaryny bu duşuşykda-da gaýtalan argentinlere ýeňiş gazanmak ýeňil düşmedi.
Oýnuň 15-nji minutynda Ýasser Ibrahim müsürlileri öňe geçirdi. Duşuşygyň 21-nji minutynda Lionel Messi bellenen penaltini dürs urup bilmedi. Has takygy, derwezeçi Şobeir saklamagy başardy. Ýyldyz oýunçy eýýäm şu çempionatda 2-nji gezek penaltini dürs urmak başartmady. Messi bir çempionatda 2 penaltini salyp bilmedik ilkinji futbolçy statistikasyny eýesi boldy. Oýnuň 2-nji ýarymynyň başlarynda, has dogrusy 58-nji minutda Mostafa Zikonyň geçiren goly, hüjümiň başlangyjyndaky düzgün bozma sebäpli VAR-yň görkezmesi esasynda hasaba alynmady. Ýöne 67-nji minutda barybir Ziko öz goluny geçirip, hasaby 2-0-a ýetirdi. Duşuşygyň dartgyny bolsa şondan soň başlady.

3000-nji gol ýeňiş getirdi
Oýnuň 79-njy minutynda Messiniň asist etmeginde goragçy Kristian Romero tapawutlanyp, aratapawudy 1 gola düşürdi. Messi 9-njy asistini etmek bilen Diego Maradonanyň Dünýä Kubogy ýaryşlaryndaky 8 asistlik rekordynyň täzeledi. 5 minutdan soň bolsa, super ýyldyzyň özi owadan urgy bilen hasaby deňledi. Bu Lionel Messiniň şu çempionatdaky 8-nji, şol sanda umumylykda 21-nji goly boldy. Messi Dünýä Kubogynda bassyr 8 oýundan bäri, şol sanda pleý-off duşuşyklarynda-da yzly-yzyna 6 oýundan bäri gol geçirip gelýän ilkinji futbolçy bolmagy başardy. Şol sanda Messi germaniýaly Gerd Müllerden soň, ýagny 1970-nji ýyldan bäri bir Dünýä Kubogynda ilkinji 5 oýunda 8 gol salan ilkini futbolçy boldy. Duşuşygyň 90+2-nji minutynda bolsa bu gezek argentinler garşylyklaýyn hüjümde öňe saýlandy. Lautara Martinesiň jerime meýdançasynyň içine gönükdiren topuny kellesi bilen uran Enzo Fernandes tangoçylara ýeňiş goluny getirdi. Bu gol Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň taryhyndaky 3000-nji gol hökmünde hasaba alyndy. Galan minutlarda-da müsürlilere hasaby deňlemek başartmady.

Şeýlelikde, taryhy kembek bilen ýeňiş gazanan Argentinanyň ýygyndysy 12-nji gezek çärýek finala çykmagyň hötdesinden geldi. Argentinler Braziliýadyr Germaniýadan soň iň köp çärýek finala çykan 3-nji topar hökmünde bellige alyndy.
Agza-burna gelen ýeňşi elden gideren Müsüriň ýygyndysy bolsa özleri üçin juda şowly geçen çempionatda ilkinjilikleriniň (ýeňiş, toparçadan çykmak, 1/8 finalda oýnamak) üstüni çärýek final bilen ýetirmek başartmady.
PDF









