72 ýyldan soň çärýek finala çykdy

3

1/8 finalyň iň soňky duşuşygy Kanadanyň topraklarynyň çäginde, ýagny Wankuwer şäherinde oýnaldy. Bu oýun şu çempionat üçin Kanadadaky soňky duşuşyk boldy. “BC Place” stadionynda oýnalan Şweýsariýa bilen Kolumbiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda 120 minudyň dowamynda hasap açylmady.

Esasanam Şweýsariýanyň derwezeçisi Kobel howply pursatlarda derwezesini goldan halas etmegi başardy. 90 minutdan soň, goşmaça 30 minutda-da hasap üýtgemedi. Duşuşygyň 115-nji minutynda derwezeçi bilen ýeke galan kolumbiýaly Kampaz topy derwezäniň ýokarsyndan meýdançanyň daşyna gönükdirdi. Netijede, ýeňijini penalti urgulary kesgitläp, şweýsarlardan diňe Akanži, kolumbiýalylardan bolsa Dawinson Sançes bilen Kuço Hernandesiň urgulary takyk bolmady.

Şunlukda, penaltileriň netijesinde 4-3 hasabynda üstün çykan Şweýsariýanyň ýygyndysy taryhynda 4-nji gezek çärýek finala çykdy. Olar mundan öňki çärýek final duşuşyklary geçen asyryň ilkinji ýarymynda hasaba alnypdy. Ýagny 1934-1938-nji hem-de özlerinde geçirilen 1954-nji ýyldaky çempionatlarda çärýek finala çykan Şweýsariýanyň ýygyndysy 72 ýyldan soň adyny iň gowy 8 toparyň hataryna ýazdyrdy.

Dünýä Kubogy 2026-nyň geçirilýän 3 ýurdunda-da oýnan ýeke-täk ýygyndy bolan Kolumbiýanyň milli topary 2014-nji ýyldan soň taryhynda 2-nji gezek çärýek finala çykmak mümkinçiligini elden giderdi.