Dünýä Kubogyna 16 ýyldan soň gatnaşan Günorta Afrikanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Jeýdan Adams 25 ýaşynyň içinde aradan çykdy. “Mamelodi Sandawns” klubunyň ýarymgoragçysy Dünýä Kubogynda Günorta Afrikanyň milli ýygyndysynyň toparçadaky 3 duşuşygynda oýnapdy. Ilkinji 2 oýunda esasy düzümde meýdança çykan Adams 3-nji oýunda 80-nji minutda giripdi.
Oýunçynyň näme sebäpden aradan çykandygy barada häzirlikçe resmi beýanat berilmedi. Adamsyň 5 ýaşynda bir gyzy bar.
Onuň enesi hem 17-nji iýunda, Günorta Afrikanyň Çehiýa bilen geçirjek duşuşygynyň öňüsyrasyndan aradan çykypdy.
Jeýdan Adams geçen möwsümde kluby “Mamelodi Sandawns” toparynyň Afrikanyň Çempionlar Ligasynyň çempiony bolmagyna saldamly goşant goşupdy. Ol milli toparda 13 oýunda 2 gezek tapawutlanypdy.
Oýunçynyň hatyrasynda çärýek finalyň soňky 2 duşuşygynda başlanmazdan öň 1 minutlyk dymyşlyk yglan edildi.
PDF









