Meşhur aýdymçy, popuň şasy hasaplanýan, merhum Maýkl Jekson baradaky “Maýkl” atly film taryhy sepgide ýetdi. Tanymal režissýor Antuan Fukuanyň surata düşüren kinosynyň prokatlardan toplany 1 milliard dollardan geçdi. Ady agzalan bu film biografik, şol sanda mýuzikal-biografik görnüşli kinolaryň arasynda 1 milliard dollar girdeji toplan ilkinji ekran eseri boldy. “The Super Mario Galaxy Movie” animasiýasyndan soň ýylyň 2-nji, umumylykda-da 1 milliard dollarlyk kassa ýygymyny toplan 62-nji kino hökmünde hasaba alyndy. Filmde baş keşbi Maýkl Jeksonyň ýegeni Jaafar Jekson ýerine ýetirýär. Bu onuň ilkinji keşbi bolup, ol adyny taryha altyn harplar bilen ýazdyrdy. Şeýle-de, taryhda ilkinji gezek “Lionsgate” studiýasynyň ekran eseriniň prokatlardan toplany 1 milliard dollardan geçdi.

Film aslynda kinotankytçylardan öwerlikli baha hem almady. Ýöne muňa garamazdan, prokatdan toplanylan bu uly girdeji, ekran eseriniň prodýuserleri üçin 2-nji filmi hem surata düşürmäge itergi berdi. Studiýanyň ýolbaşçylary tarapyndan 2-nji filmiň hem surata düşüriljekdigi resmi habar berildi.

Filmde Maýkl Jeksonyň çagalyk ýyllary, aýdym-saz älemine aralaşan döwürleri barada durlup geçilýär. 1958-nji ýylyň 28-nji awgustynda dünýä inen Maýkl Jekson 2009-njy ýylyň 25-nji iýunynda aradan çykypdy.