14-nji iýulda Baýkonur kosmodromyndan «Soýuz MS-29» dolandyrylýan kosmos gämisi berkidilen «Soýuz-2.1a» göteriji raketasy uçuryldy. Gäminiň bortunda «Roskosmosyň» kosmonawtlary – gäminiň komandiri Petr Dubrow, bort inženeri Anna Kikina we NASA-nyň astronawty, ikinji bort inženeri Anil Menon bar. Bu gämi Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) 75-nji ekspedisiýanyň agzalaryny hem-de esasy bölegi lukmançylyk-biologik we biotehnologik barlaglary geçirmäge niýetlenen ylmy enjamlary elter. Uçuşyň öňüsyrasynda Baýkonura gelen NASA-nyň direktory Jared Aýzekman hem-de «Roskosmosyň» baş direktory Dmitriý Bakanow ekspedisiýanyň agzalaryny HKS-e ugratmak çäresine gatnaşdylar.
Täze ekspedisiýanyň çäginde kosmonawtlar jemi 38 sany ylmy barlagy amala aşyrarlar. Olaryň hatarynda geljekde uzak kosmosa uçuşlar wagtynda gaz gurşawyny awtomatik usulda dolandyrmaga mümkinçilik berjek «Gazoanalizator-FS» ulgamy we stansiýanyň daşynda howply işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen «Teledroid» roboty bar. Şeýle-de, kosmonawtlar Günüň atmosferasyndaky energiýa hadysalaryny öwrenmäge we magnit harasatlaryny çaklamaga kömek etjek «GÜN-TERAGERS» taslamasynyň üstünde işlärler. Missiýanyň dowamynda Petr Dubrow bilen Anna Kikinanyň açyk kosmosa iki gezek çykmagy meýilleşdirilýär. Ekspedisiýanyň agzalary stansiýada häzirki wagtda işleýän 74-nji ekspedisiýanyň ornuny eýelärler.
PDF









