Mundan öňki 2 çempionatda 2-3-nji orunlary eýeläp, bu gezek 1/16 finalda utulan Horwatiýanyň ýygyndysynda tälimçi çalyşdy. 2017-nji ýyldan bäri topary türgenleşdirip gelýän Zlatko Daliç wezipesini taşlady. Horwatlara kümüş hem-de bürünç medal gazandyran tejribeli hünärmen 111 oýunda 62 ýeňiş gazandy. Milli ýygyndy onuň tälimçiliginde 29 oýunda utulyp, 20 duşuşykda-da deňme-deň oýnady.
Daliçiň ornuna Slawen Biliç wezipä bellenip, ol 14 ýyldan soň milli toparyň tälimçiligine dolandy. 57 ýaşyndaky hünärmen bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşyldy. Ol 2006-2012-nji ýyllar aralygynda-da Horwatiýanyň ýygyndysyny türgenleşdiripdi. Ol “Lokomotiw”, “Beşiktaş”, “West Ham”, “Al-Ittihad”, “West Bromwiç”, “Beižing Guoan”, “Watford”, “Al-Fateh” ýaly klublara tälimçilik etdi.
PDF









