Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Kolumbiýa uniwersiteti mundan 272 ýyl ozal, ýagny 1754-nji ýylyň 17-nji iýulynda Nýu-Ýorkda «Korollyk kolleji» ady bilen açylýar. Ilkinji ýyllarynda bary-ýogy on talyp we bir professordan ybarat bolan bu bilim ojagy, 30 ýyldan soň «Kolumbiýa kolleji» diýlip atlandyrylýar. Wagtyň geçmegi bilen çalt ösen bilim ojagy, uniwersitet derejesine eýe bolýar we häzirki wagtda Amerikanyň iň iri hem-de öňdebaryjy ylym merkezleriniň birine öwrüldi.
PDF









