Ýaponiýanyň Sapparo şäherinde 13-nji sentýabrda ýurtda ilkinji gezek “Super Maria” wideooýunlarynyň tematikasynda ylgaw ýaryşy geçiriler. Ýurduň Hokkaýdo adasynda “Doshin EC Inc.” kompaniýasy tarapyndan guraljak bu ýaryşa gatnaşyjylara birnäçe aýdym-sazlar, “Nintendo” gahrymanlary bilen duşuşyklar. Ýörite fotozonalar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar. Uzynlygy 2,5 kilometr bolan aralyk “Daiwa House Premist Dome” stadionynyň içinde we daşynda ýerleşer we ýoluň bütin dowamynda Super Mario oýunlarynyň sazlary şowhun bilen ýaňlanar. Ylgawçylar ýörite sowgatlary – köýnekçäni, kepkany, süpürgiji we çäkli möçberde ýadygärlik medalyny alarlar. Mundan başga-da bu ýerde eksklýuziw harytlar hem satylar. Ýaryş üçin hasaba durmagyň bahasy uly ýaşlylar we ýokary synp okuwçylary üçin 6600 ýen (takmynan, 41 dollar), 3 ýaşdan başlap kiçi mekdep ýaşyna çenli çagalar üçin bolsa 5500 ýena (34 dollar) barabar bolup, ýaryşa gatnaşyjylaryň sany 6000 adam bilen çäklendirilýär.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.