Demokratik Kongo Respublikasynyň tropiki tokaýlarynda maýmynlaryň ozal ylma mälim bolmadyk täze görnüşi ýüze çykaryldy. «PLoS One» ylmy žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijelerine görä, bu täze tapyndy soňky 75 ýylyň içinde Afrika yklymyna ýüze çykarylan bäşinji maýmyn görnüşidir. Ýurduň baý biodürlüliginiň hormatyna «Colobus congoensis» diýlip at berlen bu jandarlar Lomami milli seýilgähiniň çäginde, agaçlaryň iň belent şahalarynda ýaşaýarlar.
Agramy, takmynan, 7 kilograma ýetýän bu jandaryň gara reňkli tüýleri, gülgün-mämişi reňkli dodagy we gözleriniň töweregindäki çal halka bar. Kolobuslar urugyna degişli bolan bu täze görnüş beýleki görnüşlerinden diňe bir daşky keşbi bilen däl, eýsem, ýyrtyjylaryň arlamagyny ýatlatýan üýtgeşik sesleri bilen hem tapawutlanýar. Bu täsin jandary ilkinji gezek 2008-nji ýylda ýerli ýaşaýjylar milli seýilgähiň çäklerinde görüpdirler. Alymlaryň köp ýyllyk düýpli barlaglaryndan soň, onuň täze görnüşdigi doly tassyklanyldy.
PDF









