Germaniýanyň Brandenburg federal çägindäki Şipkau şäherçesinde belentligi 360 metre ýetýän dünýäniň iň uly ýel generatorynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylyp, onuň ýakyn günlerde ilkinji elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. GICON inženerçilik kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan we Berlin telewideniýe diňiniň belentligine golaýlaşýan bu ägirt uly desga Ýewropanyň alternatiw energetika pudagynda täze tehnologik öwrülişik bolar hem-de sebitiň energiýa garaşsyzlygyny berkitmäge saldamly goşant goşar. Taslama laýyklykda, ýylda 30-33 gigawatt/sagat elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolan bu desga, takmynan, 7,5 müň hojalygyň elektrik üpjünçiligini bökdençsiz üpjün eder. Desga 300 metr belentlikdäki durnukly ýel güýji arkaly adaty ýel generatorlaryna garanyňda, 220 göterim köp öndürijilik görkezer.
Innowasion taslamany amala aşyrmak üçin ilkinji gezek patentleşdirilen teleskopik gurnama usuly ulanylyp, desga ilki 150 metr belentlikde gurnalýar, soňra bolsa ýörite mehanizm arkaly 300 metre çykarylýar. Öňler kömür känleri bilen meşhur bolan bu sebit häzirki wagtda “ýaşyl” energetika geçişiň nusgawy mysalyna öwrülýär. Geljekde bu ýerde ýel hem-de Gün energiýasyny utgaşdyrýan gibrid elektrik stansiýasynyň gurulmagy, şeýle-de Ýewropanyň ýel az öwüsýän beýleki künjeklerinde durnukly energiýa önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu taslama Germaniýanyň Federal Hökümetiniň 2026-njy ýylyň martynda kabul eden we 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny has-da azaltmagy, täze ýel desgalarynyň sanyny köpeltmegi maksat edinýän ekologiýa maksatnamasynyň strategik ugurlary bilen doly gabat gelýär.
PDF









