Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Patyşalyk Ispaniýa bilen Gibraltaryň arasyndaky serhet gözegçiligini ýatyrmak barada ylalaşdylar. Şeýlelikde Gibraltar bilen Ispaniýanyň arasyndaky 118 ýyldan bäri bar bolan serhet resmi ýagdaýda aýryldy. Brýusseldäki gol çekişlik dabarasyna Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Söwdadan jogapkär agzasy Maros Sefçowiç, Ispaniýadan we Angliýadan ministrler hem-de Gibraltaryň Hökümet başlygy Fabiýan Pikardo gatnaşdy.
Täze düzgün bilen Gibraltar Ýewropa Gümrük bileleşigi hem-de Şengen sebitine goşuldy. Şengeniň daşyndaky ýurtlardan deňiz we howa ýoly arkaly Gibraltara geljek ýolagçylaryň pasportlary hem Gibraltar, hem-de ispan gullukçylary tarapyndan barlanar. Şeýle hem ispanlar we Ispaniýadaky syýahatçylar hiç hili serhet gözegçiliginden geçmezden Gibraltara baryp bilerler. Häzirki wagtda Gibraltarda ýüzlerçe ispaniýaly zähmet çekýär. Mundan ozal olar işe gidip-gelenlerinde her günde serhetden geçmek üçin uzak wagtlap nobata durmaly bolýardylar. 15-nji iýulda güýje giren ylalaşykda serhediň dolulygyna aýrylmagy, Ispaniýa bilen Gibraltaryň arasyndaky adamlaryň we ýükleriň geçmegini çäklendirýän ähli fiziki çäklendirmeleriň aýrylmagy, Şengen sebitine birikdirilmegi, ÝB ýeke-täk bazaryna we ÝB Gümrük bileleşigine goşulmagy kepillendirilýär.
Iberiý ýarym adasynyň günortasyndaky Gibraltaryň meýdany 6,7 inedördül kilometre barabar bolup, ilaty 40 müň töweregidir. 1713-nji ýylda Utreht parahatçylyk ylalaşygy bilen Ispaniýa sebitiň hökmürowanlygyny Angliýa beripdi. Häzirki wagtda bu ýer Angliýanyň deňizden aňyrdaky sebitleriniň biri hasaplanýar.
Ispaniýanyň gury ýer bölegi bilen Gibraltaryň aralygyndaky sebitiň bir tarapy deňiz, beýleki tarapy Ispaniýa. Ilkinji gezek 1908-nji ýylda Angliýa Gibraltar bilen Ispaniýanyň aralygyna serhet çekýär. 1967-nji ýylda geçirilen sala salşykda ilatyň 96 göterimi Angliýada galmak üçin ses berdi. 1969-njy ýylyň 30-njy maýynda sebitiň öz Konstitusiýasy güýje girdi.
Angliýa 1973-nji ýylda häzirki ady Ýewropa Bileleşigi bolan Ýewropa Ykdysady Jemgyýetine goşuldy. Şonda Gibraltar daşary işlerinde Angliýa garaşly bolan Ýewropa sebiti hökmünde jemgyýete goşuldy.
2002-nji ýylda geçirilen referendumda halkyň 98,97 göterimi Angliýa bilen Ispaniýanyň bilelikdäki hökmürowanlygyna garşy çykyp, diňe Angliýa degişli bolmagy saýlady.
Mundan 6 ýyl ozal, 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Birleşen Patyşalygyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy bilen Gibraltarda status meselesi ýüze çykdy. Geçirilen gepleşikler geçen ýylyň 11-nji iýunynda tamamlandy.
Ähli taraplaryň parlamentlerinde tassyklanmagy bilen täze düzgün 15-ji iýundan başlap güýje girdi.
PDF









