Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalynda Argentinanyň ýygyndysyny ýeňen ýagdaýynda, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň her bir futbolçysyna 755 müň ýewro möçberinde pul baýragy gowşurylar. Bu pul serişdesi salgytlar aýrylmazyndan öňki hasaplanylan möçberdir. Şeýle şertler Ispaniýanyň Patyşalygynyň Futbol federasiýasy (RFEF) we milli ýygyndynyň kapitany tarapyndan şu ýylyň mart aýynda gazanylan şertnama esasynda tassyklandy. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, 19-njy iýulda Nýu-Ýorkda geçiriljek final duşuşygynda Ispaniýanyň çempion bolmagy netijesinde, futbolçylar Halkara futbol federasiýasy (FIFA) tarapyndan bellenen jemi 50 million dollar (takmynan 44 million ýewro) möçberindäki rekord baýrak pulunyň 45 göterimini, ýagny 22,5 million dollaryny özara paýlaşarlar. Baýragyň galan bölegi bolsa federasiýanyň býujetine geçiriler.
Eger-de çempionatda Ispaniýanyň ýygyndysy ikinji orny eýelese, onda umumy baýrak puly 33 million dollara barabar bolup, futbolçylaryň paýyna düşýän mukdar 40 göterime çenli kemeler. Şeýle hem çempionatyň bürünç baýragyna mynasyp boljak ýygyndy üçin bolsa 29 million dollar möçberinde pul baýragy göz öňünde tutuldy. FIFA-nyň Geňeşi tarapyndan tassyklanan täze maliýe meýilnamasyna laýyklykda, bu gezekki dünýä çempionatynyň umumy baýrak gaznasy öňküler bilen deňeşdirilende, 50 göterim artdyrylyp, rekord derejä – 727 million dollara ýetirildi. Guramanyň prezidenti Janni Infantino baýrak gorunyň beýleki ýyllardan has ýokarlandyrylmagynyň çempionatyň ilkinji gezek 48 sany milli ýygyndynyň gatnaşmagynda geçirilýändigi we onuň täjirçilik taýdan uly ösüşe eýe bolandygy bilen düşündirdi.
PDF









