Beýik Britaniýanyň parlamentiniň deputaty Endi Bernem Leýboristler partiýasynyň täze lideri bolar. Onuň eýýäm duşenbe güni ýurduň Premýer-ministri wezipesine girişmegine garaşylýar. Ol soňky on ýylda ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk etjek ýedinji Premýer-ministr bolar. Öňki Premýer-ministr Kir Starmeriň maý aýynda geçirilen ýerli saýlawlarda leýboristleriň şowsuzlyga uçramagyndan soň, wezipesinden çekiljekdigini mälim etmegi we Bernemiň iň soňky bäsdeşiniň dalaşgärligini yzyna almagy onuň bu wezipä gelmegini üpjün etdi. Bernem deputat-leýboristleriň goldawyny alyp, resmi çykyşynda ýurtda syýasat tarapyndan ünsden düşürilen esasy meseleleri çözmek barada batyrgaý ädimleri ätmäge wada berer diýlip garaşylýar.
Hökümet Başlygy wezipesine gelýän 56 ýaşly Endi Bernem ozal Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ministri we maliýe ministriniň birinji orunbasary ýaly ýokary döwlet wezipelerinde işledi. Şeýle hem ol 2017-nji ýyldan bäri Beýik Mançesteriň häkimi wezipesini ýerine ýetirip, sebitiň ösmegine goşan goşandy we pandemiýa döwründäki alyp baran işjeň syýasaty sebäpli uly meşhurlyk gazandy. Şu ýylyň iýun aýynda parlament saýlawlarynda uly ýeňiş gazanyp, gaýtadan Westminstere dolanan syýasatçy ýurtda dolandyryş wezipelerini sebitleriň özüne bermegi, ykdysady özgertmeleri geçirmegi we uruşdan soňky döwürden bäri iň iri jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
PDF









