Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO), Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Ehinokokkozyň öňüni almak, diagnoz goýmak we gözegçilik etmek” boýunça okuw-seminaryny guraldy. 14-nji iýulda başlanan çäre Aşgabat şäheriniň DSG-niň Jemgyýetçilik saglygy we iýmitleniş merkezinde 4 günläp dowam etdi we okuw-seminarynda Azyk we oba hojalygy guramasynyň hünärmenleri, gyrgyzystanly Marina Kiçinebatyrowa, Talgat Tursunow hem-de Aýzat Arunowa dagy çykyş etdiler.
Bu okuw-seminaryna Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet sanitar-epidemiologiýa gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenlerinden we beýleki guramalaryň wekillerinden düzülen 80-den gowrak adam gatnaşdy.
Bu okuw maslahaty, Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” çemeleşmesiniň çäginde Pandemiýa garşy göreş gaznasynyň “Pandemiýalaryň öňüni almak, taýýarlykly bolmak we olara garşy çäre görmek” taslamasynyň Türkmenistandaky durmuşa geçirilmeginiň hatarynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen Azyk we oba hojalygy guramasy tarapyndan ilkinji gezek bilelikde guraldy.
Adam we haýwan saglygy pudaklaryny utgaşdyrýan “Bitewi saglyk” (One Health) çemeleşmesiniň çäginde ehinokokkozyň öňüni almak, diagnoz goýmak we gözegçilik etmegi maksat edinen bu okuw-seminarynda çykyş eden FAO-nyň wekilleri täsirleri gürrüňler etdiler. Olar bu zoonoz keseli bilen baglanyşykly ähli meseleler barasynda jikme-jik durup geçdiler.

2 tapgyr esasynda geçirilen okuw-seminarynda FAO-nyň hünärmenleri Ehinokokkozyň biologiýasy, ýaşaýyş sikli, ýokuşma ýollary, töwekgelçilik şertleri, keseliň Merkezi Aziýadaky epidemiologik ýagdaýy barada giňişleýin belläp geçdiler. Bu keseli ýeňip geçmegiň Bitewi Saglyk çemeleşmesiniň çäginde degişli pudaklaryň özara gatnaşygynyň, pudagara maglumat alyş-çalşygynyň möhüm orun eýeleýändigini hünärmenler aýtdylar.
Şeýle-de, Ehinokokkozyň öňüni almagyň strategiýasynyň çäginde itleri gurçuklardan arassalamak, eýesiz haýwanlary gözegçilikde saklamak, keselli organlary howpsuz ýok etmek we bular dogrusynda ilat arasynda wagyz işlerini geçirmegiň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Okuw-seminarynyň çäginde gatnaşyjylar bilen hünärmenleriň arasynda sorag-jogap arkaly gürrüňdeşlikler, şol sanda “gözegçilikden herekete” atly simulasiýa maşky geçirildi.
Çärä gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar gowşurylyp, okuw-seminary tamamlandy.
PDF








