Ýewropa Bileleşigine agza bolan Latwiýa Respublikasynda şu ýylyň ilkinji bäş aýynda aradan çykanlaryň sany dünýä inen çagalaryň sanyndan iki esseden hem gowrak boldy. Ýurduň Merkezi statistika müdiriýetiniň deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar-maý aýlarynda aradan çykanlaryň sany doglanlardan 6 müň 859 adam köp bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkeziji has hem ýokarlandy. Hasabat döwründe ýurtda jemi 4 müň 589 çaga dünýä inip, täze doglanlaryň sany geçen ýyldakydan 4,5 göterim azaldy. Şol bir wagtda ýurtda aradan çykanlaryň sany 1,9 göterim artyp, 11 müň 448 adama ýetdi. Şeýle hem ýanwar-maý aýlarynda nikalaşýanlaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, tas 20 göterim azaldy we resmi taýdan 2 müň 396 nika hasaba alyndy. Häzirki wagtda döwletde demografik ýagdaýlaryň peselmegi bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji iýunyna çenli Latwiýanyň ilatynyň deslapky sany 1 million 833 müň adama çenli aşaklady.
PDF









