Hindistan Respublikasynda daşky gurşawa goýberilýän zyýanly galyndylary azaltmak we demir ýol ulgamynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ösdürmek maksady bilen, ýurduň özünde işlenip taýýarlanylan we gurnalan «NaMo Green Rail» atly ilkinji wodorod ýangyçly ýolagçy otlusy ulanmaga berildi. Ýurduň Premýer-ministri Narendra Modiniň gatnaşmagynda demirgazykdaky Harýana ştatynyň Jind stansiýasynda täze otlynyň ilkinji gatnawy resmi taýdan başlanyp, bu taslama döwletiň arassa energiýa geçmek we tehnologik garaşsyzlygy gazanmak strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde görkezildi. Iki sany wodorod güýç ulgamly we sekiz sany ýolagçy wagonyndan ybarat bolan bu düzümiň iň ýokary tizligi sagatda 75 kilometre deň bolup, ol bir wagtda 2 müň 600-e golaý ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Tejribe maksatly saýlanyp alnan bu gysga we orta aralykdaky ugur doly elektrikleşdirilmän galan demir ýol liniýalarynda wodorod çekijileriniň netijeliligini barlamaga, şeýle hem hünärmenlere hakyky şertlerde ulgamyň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyna baha bermäge mümkinçilik döreder.
Hünärmenleriň bellemegine görä, wodorod tehnologiýasy ýangyç elementlerinde wodorod bilen kislorodyň himiki reaksiýasy arkaly elektrik energiýasyny öndürýär we bu prosesiň netijesinde daşky gurşawa diňe suw bugy hem-de ýylylyk bölünip çykýar. Bu bolsa häzirki wagtda ýurduň demir ýollarynda giňden ulanylýan dizel otlularynyň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa we geljegi uly çäreleriň biri hasaplanýar. Döwlet häkimiýetiniň bu başlangyjy Hindistanyň «Milli wodorod missiýasynyň» çäklerinde amala aşyrylyp, ýurdy dünýäde «ýaşyl» wodorod öndürmegiň we ulanmagyň esasy merkezine öwürmegi maksat edinýär. Şeýle-de, täze taslama Hindistanyň halkara howa borçnamalaryna, aýratyn-da, 2070-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyna ýetmek baradaky belent maksatlaryna doly gabat gelýär.
PDF









