Moldowa 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) doly hukukly agzasy bolmagy maksat edinýär we şu tomsuň ahyryna çenli Brýussel bilen gepleşikleriň ähli ugurlaryny açmaga tagalla eder. Bu barada Moldawiýanyň parlamentiniň başlygy, häkimiýet başyndaky “Hereket we raýdaşlyk” partiýasynyň lideri Igor Grosu “Moldova 1” teleýaýlymynda berlen gepleşiginde mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Kişinýew 2028-nji ýyla çenli ÝB bilen gepleşikleri tamamlamagy we 2030-njy ýylda guramanyň düzümine girmegi göz öňünde tutýar. Gepleşikleriň degişli ugurlary boýunça tehniki taýýarlyklara başlan Moldowa ýene-de dört sany uly bölümi açmagy maksat edinýär we resmi syýasy çözgüde garaşmazdan, zerur bolan kanunlary kabul etmegi hem-de şertleri ýerine ýetirmegi dowam etdirýär. Ýeri gelende bellesek, 2025-nji ýyldaky parlament saýlawlarynda Prezident Maýa Sandu we onuň ýolbaşçylygyndaky partiýa ýurduň 2028-nji ýyla çenli ÝB-ne goşuljakdygyny wada beripdiler, emma partiýanyň soňky maksatnamasynda bu möhletler näbelli wagt aralygyna süýşürilipdi.
PDF









