Amerikanyň “iPhone” smartfonlaryny öndüriji “Apple” kompaniýasy bazar kapitalizasiýasy babatda dünýäde iň gymmat kompaniýa boldy, muňa “Nasdaq” biržasynyň maglumatlary güwä geçýär.
Bu kompaniýa emeli aň ulgamynda öňe saýlanan “Nvidia” kompaniýasyny ilkinji orundan gysyp çykardy. Ýagny “Apple”-yň paýnamalary söwdalaşyklaryň dowamynda 0,2 göterim ösüş görkezip, bir paýnama üçin 333,94 dollara deň boldy, söwdalaşyklaryň ahyrynda bolsa 334,03 dollara çenli gymmatlady.
Netijede, bu kompaniýanyň bazar nyrhyny 4,9 trillion dollara ýetirdi we iň gymmat kompaniýalaryň hatarynda öňdäki orna çykardy. Ikinji we üçünji orunlary “Nvidia” (4,83 trillion dollar) hem-de “Alphabet” (4,19 trillion dollar) eýelediler.
Iýunyň ahyrynda çipleriň we olary göterijileriň global gytlygy bilen baglylykda, “MacBook” we iPad enjamlarynyň nyrhlaryny ýokarlandyrandan soňra, “Apple”-yň paýnamalary güýçli gymmatlady.