“Ýer ala, ýurt ala” diý­le­ni. Ýer ýü­zü­niň dür­li kün­je­gi­niň özboluşly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Pla­ne­ta­my­zyň köp ýe­rin­de gu­rak­çy­lygyň hö­küm sür­ýän çä­ge­lik çöl­le­ri hem az däl. Ek­wa­to­ra go­laýda ýer­leşýän çöl­ler­de ösüm­lik gör­nüş­le­ri az bolup, esa­san, ot­lar we gy­rym­sy agaç­lar ös­ýär. Ys­sy ho­wa­ny ha­la­ýan bu ösüm­lik­ler çyg­ly­ly­ga ze­rur­lyk duý­ma­ýar­lar. Çöl top­ra­gy adat­ça çä­ge bol­ýar. De­ňiz de­re­je­sin­den has be­len­tdä­ki çöl­ler so­wuk kli­mat­ly çöl­ler ha­sap­lan­ýar. Go­bi çö­li mu­ňa iň go­wy my­sal­dyr. Bu ýeri beýleki ys­sy çöl­le­re ga­ra­nyň­da, has gu­rak­dyr.
Deň­ziň tä­si­rin­den uzak­da­ky çöl­le­rde ýe­ras­ty we için­den akyp geç­ýän su­w sebäpli eke­ran­çy­lyk we ýa­şa­ýyş üçin amat­ly­ ýerleri bar. Şeý­le hem çar­wa­çy­lyk üçin hem oňaýlydyr. Garagum sährasynyň hem özboluşly tebigaty bolup, ol ýurdumyzyň halk hojalygynyň ösmegine özüniň täsirini ýetirýär. Çöl ösüm­lik­le­ri­niň köpüsi der­man­lykdyr.
Gren­lan­di­ýa, An­tark­ti­ka we pla­ne­ta­myzyň pol­ýu­sy­nyň tö­we­rek­le­rin­dä­ki fau­na­sy bol­ma­dyk se­bit­ler hem çöl ha­sap­la­n­ýar. Buz bi­len ör­tü­len hem bol­sa, ol ýer­le­re ygal düş­me­ýär, ot bit­me­ýär. Çöl­ler­de uly eko­sis­te­ma bo­lup, ygalyň az ýagmagy gi­je bi­len gün­di­ziň ara­syn­da­ky ýy­ly­ly­gyň ta­pa­wu­dy­nyň uly bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Top­rak Gün şöh­le­si­niň we ýe­liň tä­si­rin­de gal­ýar. Bu ýer­de bir ýyl­lyk we köp­ýyl­lyk ösüm­lik­ler ös­ýär. Su­wuň bu­ga­rmazlygy üçin olar ýap­rak­ly däl-de, pür­li bol­ýar. Kä­biriniň kö­ki baldagyndan uzyn bol­ýar. Çöl­dä­ki ösüm­lik­le­riň pür­le­ri su­wy bu­gart­ma­ýan ýu­ka­jyk daş­ky gat­lak bi­len ör­tü­len­dir. Ola­ryň kä­bi­rin­de şe­ma­lyň gu­ra­dy­jy hä­si­ýe­tin­den go­ran­mak üçin maý­da­jyk tüý­ja­gaz­lar we gyldyrganlar bol­ýar. Kök ul­gam­la­ry bol­sa, ýaý­baň ýa-da çuň­lu­gy­na ösüp, ýe­ras­ty çyg­ly­ly­gy özü­ne çek­mä­ge ukyp­ly­dyr­. Çöl­de ýe­ras­ty su­wu­nyň ýe­riň ýü­zü­ne go­laý ýer­le­rin­de agaç­lar we beý­le­ki ösüm­lik­ler hem ga­bat gel­ýär.
Kä­bir çöl­de ösüm­lik­le­riň to­hum­la­ry bir­nä­çe ýyl­lap top­ra­gyň aşa­gyn­da çüý­re­mez­den we şi­ne­le­mez­den za­ýa­lan­man sak­lan­ýar­. Ýa­gyş ýa­gyp, amat­ly şert dö­rä­nin­de, o­lar gö­ge­rip, gys­ga wagt­da çar ta­ra­py ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­ýär­. Gys­ga wagt­da ös­ýän bu ot­lar bir­nä­çe hep­dä­niň do­wa­myn­da gül açyp, to­hum­la­p ýe­tiş­ýär­ler. Bu ot­la­ryň to­hum­la­ry ça­la­ja ygal dü­şe­ni bi­len gö­ger­me­ýär­ler. Olar gö­ge­rip, to­hum­lap ýe­tiş­jek de­re­je­de ygal dü­şen­soň şi­ne­läp baş­la­ýar­lar. Eger şeý­le bol­ma­sa, gö­ge­re­nin­den soň­ra gu­rak­lyk ze­rar­ly ola­ryň gu­ra­ma­gy we ýi­tip git­me­gi müm­kin.