Köp şäheriň ady şol ýeriň taryhy, medeniýeti bilen bagly bolýar. Käbir şäher ady iki ýa-da üç sözden ybarat bolýar. Şäherler öz atlaryny taryhy şahsyýetlerden, duýgudan, tebigatdan, haýwanlardan, adamlaryň döreden eserlerinden we beýleki zatlardan alýar. Dünýäde iň uzyn atly şäher Tailandyň paýtagty Bangkok hasaplanýar. XV asyrda esaslandyrylan ilatly nokat 1782-nji ýylyň 21-nji aprelinden bäri tailaryň merkezi şäheridir. Bu ýeri paýtagt şäher hökmünde patyşa I Rama esaslandyrypdyr. Bangkok şäherine tailandlylar Krung Thep Maha Nakhon, gysgaça Krung Thep (Perişdeler şäheri) diýýärler. Esasan, daşary ýurtlular Bangkok diýýär. Şäheriň doly atlandyrylyşy Krungthepmahanakhon Amonrattanakosin Mahintharayutthaya Mahadilokphop Noppharatratchathaniburirom Udomratchaniwetmahasathan Amonphimanawatansathit Sakkathattiyawitsanukamprasit bolup, ol 168 harpdan ybaratdyr. Wagtyň geçmegi bilen ol gysgaldylyp, Krung Thep Maha Nakhon diýlip başlanypdyr. Bu 168 harply at dünýäde iň uzyn atly ýer hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilýär. Şäheriň pali we sanskrit dilindäki doly atlandyrylyşy mekdeplerde çagalara öwredilýär. Şeýle hem onuň adyny ýatdan dürs aýtmak ýaryşlary geçirilýär.
Bangkok Günorta-Gündogar Aziýanyň iň iri we ösen şäherleriniň biridir. Taryhy we tebigy gözelliklere baý bolan şähere her ýylda millionlarça jahankeşde barýar. Şäherdäki taryhy ybadathanalar, köşkler we beýleki gadymy ýerler daşary ýurtlulary özüne çekýär. Şäheriň ilaty 14 milliondan geçýär.