Häzirki wagtda bir harydyň bahasyny “döwmek” ýörgünli boldy. Satyjylar öz harytlarynyň bahasyny bir-birinden arzan satmakda ýaryşýarlar. Eýsem, ulagyň bahasyny “döwen” adam barada eşidipdiňizmi? Geçen asyryň başynda amerikan inženeri Henri Ford ulagyň bahasyny döwýär. Nädipmi? Şol döwürler awtoulaglar bir-birden ýasalýan eken. Şeýle bolansoň, bir ulagy tutuşlygyna diýen ýaly şol bir adam ýasalypdyr. Bu ýagdaý uzaga çekýändigi üçin onuň bahasy gymmada düşýän eken. Ford bolsa ulaga belli bir standart girizip, konweýerde önümçiligi ýola goýýar. Şeýlelikde ulagyň her bir bölegini öndürmäge we gurnamaga ýöriteleşen bölümler emele gelýär. Soňlugy bilen bu usul önümçilikde giňden peýdalanylyp, “Fordizm” atly ykdysady adalganyň hem döremegine getirýär.
Ford ilkinji ulagy bolan Model A-nyň önümçiligini 1903-ýylda ýola goýýar. Şol ýylyň 23-nji iýulynda, ilkinji “Ford” ulagy satylýar. Bu ulagy çikagoly diş lukmany Ernest Pfennig 850 dollara satyn alýar. Şol wagtyň 850 dollary häzirki hasap bilen 28 müň dollara deň bolýar. Üsti açyk ulagyň iki we 4 orunlyk görnüşleri bolupdyr. 1903-1904-nji ýyllarda kompaniýa şeýle ulagdan jemi 1 müň 750 sanysyny öndürýär. Soňlugy bilen ulagyň üsti ýapyk has kämil görnüşleri peýda bolýar.
PDF









