Ýaponiýanyň ilaty birnäçe ýyldan bäri azalýar. Ýurduň Içeri işler we aragatnaşyk ministrliginiň ýaýradan täze maglumatyna görä, geçen ýyl Günüň dogýan ýurdunyň ilaty 917 müň adam azalyp, 119 million 736 müň 483-e düşüpdir. Şeýlelikde Ýaponiýanyň ilaty 42 ýyldan soň 120 million adamdan aşak düşdi. Şeýle hem geçen ýylky 917 müňlük azalyş, 1968-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň uly pese gaçyşlyk bolupdyr.

Maglumatlara görä geçen ýyl ýurtda 670 müň bäbek dünýä inipdir, 1,6 million adam bolsa dünýesini täzeläpdir.

Ýurtda ýaşaýan migrantlaryň hem sanynyň yzygiderli artýandygy bellenildi. Geçen ýyl Ýaponiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany 354 müň adam artyp, 4 million 31 müň 159 bolupdyr. Daşary ýurtly ýaşaýjylary hem goşanyňda ýurduň ilatynyň jemi 123 million 767 müň 642 bolandygy mälim edildi.

Ilatyň azalmagynda çaga dogluşynyň pese gaçmagynyň täsiriniň bardygy bellenilýär.