Has uzak aralyga ýolagçy gatnatmak maksady bilen işlenip taýýarlanan «Airbus A350-1000ULR» uçary Awstraliýadan Fransiýa çenli düşlemezden uçdy. Uçuşyň dowamlylygy bir gije-gündizden hem gowrak – 24 sagat 24 minut boldy. Ýörite işlenip taýýarlanan «Airbus A350-1000ULR» atly howa gämisi bu uçuşy Melburn bilen Tuluza şäherleriniň arasynda amala aşyrdy.
«Qantas» awiakompaniýasynyň «Project Sunrise» atly maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanan uçar ondan öň Tuluza-Melburn aralygyny 19 sagat 13 minutda geçipdi. Ekipaž 4 sany synag uçarmany bilen 5 sany uçuş inženerinden ybarat boldy. Olar ýangyjyň akdyrylmagy, kabinanyň howalandyrylmagy, ýylylyga gözegçilik etmek we uçuş bilen bagly beýleki tehniki ýagdaýlara gözegçilik etdiler. Uzak aralyga gitmäge niýetlenen «A350-1000ULR» uçaryna göwrümi 20 müň litr bolan goşmaça ýangyç gaby ýerleşdirildi. Bu bolsa, uçaryň geçmeli ýoluny müň mil uzaltmaga ýardam berýär.
«Qantas» kompaniýasy bu uçary, ilkinji nobatda, Sidneý-London aralygyndaky gatnawlarda ulanar. Häzirki wagtda bu aralyga gatnaýan uçarlara ýolda düşläp ýangyç guýmaly bolýar. Täze uçarlar bilen amala aşyryljak gatnaw syýahatyň wagtyny 4 sagat azaldar. Uzak aralyga gatnawyň geljek ýylyň oktýabr aýynda ýola goýulmagyna garaşylýar. Awiakompaniýa Nýu-Ýork–Sidneý aralygynda hem göni gatnawy ýola goýmagy maksat edinýär. «Qantas» şeýle uçardan 12 sanysyny sargyt edipdir. Adaty «A350-1000» uçarlaryna 300-den gowrak ýolagçy ýerleşýän bolsa, ýörite taýýarlanýan uçarda ýolagçy sany 238-e çenli azaldylypdyr.
Häzirki wagtda «Singapore Airlines» kompaniýasynyň Singapur–Nýu-Ýork aralygyndaky gatnawy iň uzak gatnaw bolup, 18 sagat dowam edýär.
PDF









