Koreýa Respublikasynyň milli demir ýol edarasy bolan «Korail» düzüminde bar bolan otlulary täzelemegi maksat edinýär. «Korail» jemi 49 sany «EMU-320» otly düzümini 5 trillion wona satyn alar. Ýokary tizlikli otlular 2032-nji ýyldan başlap hyzmata hödürlener. Şeýlelikde, ýolagçylaryň barha artýan islegi kanagatlandyrylar. Häzir ulanylýan KTX-I otlulary bolsa, ulanyşdan galdyrylar. Täze alynjak otlularyň her biri 16 wagondan ybarat bolar. Şeýlelikde, jemi 784 täze wagon hyzmata hödürlener. Otlular ýurduň «Hyundai Rotem» kompaniýasyna sargyt ediler.
1997-2003-nji ýyllar aralygynda «Alstom» we «Rotem» kompaniýalary tarapyndan TGV tehnologiýasy esasynda öndürilen KTX-I otlulary 2033-nji ýylda ulanyşdan galdyrylar. Täze EMU-320 otlulary has ýokary tehnologiýa bilen öndürilip, wagonlary diňe öňdäki teplowoz däl, wagonlaryň aşagyna ýerleşdirilen motorlar hereket etdirer. Bu tehnologiýa biri-birine ýakyn ýerleşýän beketleriň arasynda gysga wagtda bat almaga we saklanmaga mümkinçilik berer. 16 wagonly otlular 1 müň ýolagçy orunlyk bolup, sagatda 320 kilometr tizlikde hereket edýär. Häzirki ulanylýan 20 wagonly KTX-I otlulary 955 orunlykdyr.
PDF









