Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda işjeňliginiň yzygiderli artmagy hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we anyk işlenilip düzülen syýasatynyň netijesine öwrülýär. Şunda BMG-niň düzümine girýän iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda, ilkinjileriň hatarynda, ÝUNESKO-ny
görkezmek bolar. ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolup, esasy maksady bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli mirasa sarpa goýmak, dikeltmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda türkmen halkynyň maddy we ruhy medeniýetiniň köpsanly ýadygärlikleri hem-de gymmatlyklary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasy esasynda, ýurdumyzyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň 1000-den gowragy ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Bu Konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna, «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (1999), «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2005), «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy goraghanasy (2007) ýaly ýadygärliklerimiz girizildi.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» şadessanynyň (2015), «Küştdepdi» türkmen milli aýdym-tans sungatynyň (2017), Türkmen milli halyçylyk sungatynyň (2019), dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň (2021), türkmen keşdeçilik sungatynyň (2022) girizilmegi maddy we ruhy medeniýete goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Golaýda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenen Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri, şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edilen, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada ýurdumyzyň golýazmalar gaznasynda saklanýan ýazuw gymmatlyklary barada gürrüň edildi.
Ýurdumyzyň endemik dermanlyk ösümlikleri barada gürrüň edilende, bu Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk ylmy işi bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen tebigatynda ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Halk lukmançylygynda peýdalanylýan şeýle ösümlikleri hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ähmiýeti uludyr.
Tahýa barada aýdylanda bolsa, türkmen zenanlarynyň özboluşly el işleriniň netijesi bolan tahýalar dürli ýaşdaky adamlara hem-de oglandyr gyzlara niýetlenýär. Ençeme asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlary haly-palas dokamagyň, keçe salmagyň inçe syrlaryny, gaýma gaýap, keşde çekmegiň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler. Her bir el işiniň özboluşly dünýäsi bar. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan el işleriniň hersi aýratyn ähmiýete eýedir. Nepis keşdelenen tahýalary ähli döwürlerde geýipdirler. Tahýa degişli taryhy maglumatlary gadymy döwürlere degişli arheologiýa tapyndylarynda hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen tahýasynyň gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Beýleki egin-eşiklerde bolşy ýaly, türkmenlerde ähli ýaşdaky adamlar üçin aýratynlykda tahýa tikilipdir. Türkmen tahýasyna syn edenimizde, gözüňi gamaşdyryp duran dürli reňkleri görýäris. Zenanlar, esasan hem, ak, gara, gyzyl, gök, ýaşyl, sary reňkleri halydyr palaslaryna, keşdedir nagyşlaryna, geýim-gejimlerine siňdiripdirler. Türkmen gelin-gyzlary «gülýaýdy», «akgaýma», «egrem», «tegbent», «üzülmez», «labyr», «ýylan ýoly», «içýanagyz goçak», «siňirme» ýaly nagyşlary salnan tahýalary atalaryna, doganlaryna, jigilerine geýdiripdirler. Bu nagyşlaryň her biri türkmene mahsus häsiýetleri, durmuşyna, ruhy dünýäsine degişli maglumatlary özünde jemleýär.
Mahlasy, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň netijeli hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.
Parahat Ataýew,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.
PDF







