Türk­men jem­gy­ýe­tin­de il-ýurt bäh­bit­li me­se­lä­ni ge­ňe­şip çöz­mek ga­dy­my ýö­rel­ge­dir. Ýa­şu­ly­nyň tej­ri­be­si, jem­gy­ýe­tiň pi­ki­ri we ýol­baş­çy­nyň jo­gap­kär­çi­li­gi şol ýö­rel­ge­de bir­le­şip­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my­na, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň wa­jyp me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.
Mej­lis­de eden çy­ky­şyn­da Milli Liderimiz: «Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni, aba­dan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň has-da kuw­wat­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­mek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň baş mak­sa­dy we esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le-de ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne halk köp­çü­li­gi­ni giň­den çek­mek, tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bol­ma­ly­dyr» di­ýip, bel­le­di.
Halk Mas­la­ha­tyn­da mö­hüm döw­let me­se­le­le­ri bo­ýun­ça tek­lip­le­re ga­ral­ýar we olar ma­kul­lan­ýar, içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň esa­sy ugur­la­ry, ösüş mak­sat­na­ma­la­ry we kons­ti­tu­si­on baş­lan­gyç­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.
Kons­ti­tu­si­on ka­nun Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi­ni anyk ýö­rel­ge­le­re bag­la­ýar. Ola­ryň ara­syn­da de­mok­ra­ti­ýa, aýan­lyk, ada­lat­ly­lyk we ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy bar. Şeý­le hem ada­myň hu­kuk­la­ry­na hor­mat goý­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak gör­ke­zil­ýär.
Ka­nun mas­la­hat­laş­ma­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ter­ti­bi­ni hem bel­le­ýär. Mej­li­siň ýyl­da azyn­dan bir ge­zek ge­çi­ril­me­gi hök­ma­ny­dyr. Ag­za­la­ryň azyn­dan üç­den iki bö­le­gi gat­na­şan­da, mej­lis yg­ty­ýar­ly ha­sap­lan­ýar. Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my bol­sa, he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän kol­le­gi­al eda­ra hök­mün­de taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­ýar.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­min­de döw­let ýol­baş­çy­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, ýer­li halk mas­la­hat­la­ry­nyň we­kil­le­ri we jem­gy­ýet­çi­li­giň dür­li to­par­la­ry bir­leş­ýär. Şol se­bäp­li ýur­duň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri dür­li de­re­je­dä­ki tej­ri­bä­niň esa­syn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Ka­bul edi­len çöz­güt­ler de­giş­li döw­let eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan öz yg­ty­ýar­lykla­ry­nyň çä­gin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Halk Maslahatynyň mejlisleriniň jem­gy­ýet­çi­lik äh­mi­ýe­ti bol­sa ra­ýat­la­ryň tek­lip­le­ri bi­len al­nyp ba­ryl­ýan iş­de has aý­dyň gö­rün­ýär. Gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zil­jek me­se­le­ler öňün­den ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Bu iş ýer­li halk mas­la­hat­la­ry, Mej­lis, Hö­kü­met, hä­kim­lik­ler we jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar.
Pre­zi­diu­myň işi tek­lip­le­ri ýyg­na­mak bi­len ta­mam­lan­ma­ýar. Gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry gün ter­ti­bi­niň tas­la­ma­sy­ny, res­mi­na­ma­la­ry we mag­lu­mat­la­ry öňün­den taý­ýar­la­ýar. Ýer­li halk mas­la­hat­la­ry­na usu­ly­ýet gol­da­wy be­ril­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri üçin dü­şün­di­riş mag­lu­mat­la­ry hem taý­ýar­la­nyl­ýar. We­la­ýat­lar­dan ýa-da et­rap­lar­dan gelip gowşan tek­lip­ler umu­my­laş­dy­ry­lyp, döw­let de­re­je­sin­dä­ki mas­la­ha­ta ýe­ti­ril­ýär. Esa­sy öl­çeg şol tek­li­biň sel­je­ril­me­gi, de­giş­li eda­ra ýe­ti­ril­me­gi we ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň jem­gy­ýet­çi­li­ge düş­nük­li be­ýan edil­me­gi­dir.
Şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de tu­tum­ly iş­le­re ba­dal­ga ber­ler, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy, ýur­du­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy üçin ta­ry­hy ka­rar­lar ka­bul edi­ler. Mu­nuň özi asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­mat-do­wam­dy­gy­nyň ýe­ne bir aý­dyň gü­wä­si bo­lar. Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek ug­run­da ta­gal­la­ ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bäh­bit­li, adam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri­ he­mi­şe ro­waç bolsun.

Huseýin Şaýymow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Ätiýaçlandyryş işi kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty.